
«Ýaşyl» ýaşaýyş
Arkadag şäheri «ýaşyl» şäher bolmak bilen, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler giň gerimde dowam edýär. Aslynda, bu şäheriň ýerleşýän ýeri saýlanyp alnanda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biridigi nazara alnypdy. Bu babatda 2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň geçirilmegi we oňa gatnaşan diňleýjileriň — hünärmenleriň gatnaşmagynda bu ýerde üzümçiligiň düýbüniň tutulmagy uly seslenme tapdy. Täze şäheriň açylyş dabarasynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň «539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy» atly şahadatnamasynyň gowşurylmagy hem biziň üçin has-da guwandyryjydyr.
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar — «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty» ýaly bölümlerinde bu ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy, köplenç, onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär. 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmek, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy hakynda aýdanlary döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky wezipä hem aýratyn üns berilýär.
Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň mümkinçiliklerine, ýagny hünärmenleriň taýýarlygyna hem-de ylmy barlaglaryň netijelerine ýokary baha berilýär. Ýokary okuw mekdebimizde, aýratyn-da, agroekologiýa fakultetinde, ekologiýa kafedrasynda daşky gurşawyň goragy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ylmy esasda öwrenilýär, bu ugurda dürli hünärler boýunça ýaşlara bilim berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy, ekologiýa arassaçylygyny saklamak, biodürlüligi goramak hem-de artdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Arkadag şäherinde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamaga mümkinçilik berýän ýaşyl zolaklar, seýilgähler döredilýär. Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, ähli desgalardyr binalar ekologik talaplar esasynda gurulýar. Ony Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Arkadag şäherine «Ýaşyl» we «akylly» şäher şahadatnamasyny gowşurmagy, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilendigi, Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň «akylly» şäheriň ekologik taýdan arassalygy üçin üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy hem onuň aýdyň subutnamasydyr.