TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gurban baýramy

Gurban baýramy

— Gurban aýynyň onuna başlaýan Gurban baýramy, adyndan belli bolşy ýaly, gurbanlyk soýmak bilen baglanyşyklydyr.

* * *

Musulmanlar Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň ölümden halas edilişini baýram edýärler. Halkymyz muny «Gurban baýramy» ýa-da «gurbanlyk» atlandyrýar.

* * *

Oraza baýramyndaky ýaly, Gurban baýramy gününde musulmanlar baýram namazyny okamak üçin metjitlere gidýärler. Mälim bolşy ýaly, baýram namazy guşluk wagtynda okalýar. Olar namazyň yzyndan Beýik Biribardan ýurt parahatçylygy, il abadançylygy, maşgala agzybirligi, jan saglyk we rysgal-döwlet ýaly ýagşy dilegleri edýärler. Baýram namazy okalandan soň, maddy taýdan mümkinçiligi bolan adamlar gurbanlyklaryny soýýarlar. Pygamberimiziň gurbanlyk hakynda: «Gurban baýramy gününde gurbanlyk soýmak ýaly Alla ýakynlaşdyrjak başga bir iş ýokdur» diýmegi Beýik Biribaryň gaşynda ybadatyň derejesiniň nähili ýokarydygyny görkezýär.

Beýleki musulman halklar ýaly, türkmenler bu baýrama örän uly ähmiýet berýär. Olar baýram günlerinde öz dogan-garyndaşlarynyňka, goňşy-golamlarynyňka we dost-ýarlarynyňka myhmançylyga barýarlar, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan nygmatlardan iýip-içýärler, birek-birege ýagşy doga-dilegler edýärler.

* * *

Biz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alan milli däp-dessurlaryna, dinine-ýörelgesine, diline-medeniýetine eýe bolduk. Bu mukaddes gymmatlyklary goramak, ösdürmek, özümiz bilen öňe alyp gitmek, geljek nesillerimize ýetirmek, nesillerimizi şu ruhda terbiýelemek mümkinçiligine eýe bolduk. Biziň Garaşsyzlyk gazanmagymyzyň manysy hem, Bitaraplyga eýe bolmagymyzyň manysy hem şundadyr.

Bitaraplyk ýörelgesi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren beýleki dinlere hormat goýmak ýaly milli aýratynlyklarynyň ajaýyp taraplaryny hem özünde jemleýär.

2025-06-04149