TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bagtyýar çagalygyň dabaralanmasy

Bagtyýar çagalygyň dabaralanmasy

Ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäherinde hem Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. «Arkadag şäheri — bagtyýar çagalygyň şäheri» ady bilen geçirilen bu baýramçylyk çäresine ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, bilim işgärleri, mekdep okuwçylarydyr çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabaranyň başynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy boldy. Onda günsaýyn gülleýän ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri hem-de gazanýan üstünlikleri bilen bir hatarda çagalygyň mekanyna öwrülen Watanymyzda bagtyýar nesil babatda amala aşyrylýan beýik işleriň waspy ýetirildi. Soňra baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan myhmanlary türkmen halk ertekileriniň baş gahrymanlary öz çykyşlary bilen garşyladylar. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan ertekileriň gahrymanlarynyň çykyşlary körpe nesilde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň tans toparynyň çykyşy hem baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin berdi. Ýaş nesliň sungaty söýýän adamlar bolup ýetişmegi üçin birnäçe döwrebap şertler we mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde gurlan desgalaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

Soňra baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan myhmanlar Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň, çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeleriň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň molbertde we ýere çekýän suratlaryny synladylar. Çekilen suratlaryň üsti bilen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de bu ýerde Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirligi tarapyndan guralan sport ýaryşlarynda çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Dabara gatnaşýan myhmanlar Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi tarapyndan guralan oýunlarda çagalaryň çykyşlaryny synladylar. Milli oýunlarymyzyň ýaş nesli terbiýelemekdäki orny uludyr. Bu oýunlar çaganyň heniz irki ýaşda bilim derejesini, ünslüligini, hüşgärligini hem-de durmuşda dogry hereket etmegini gazanmakda juda täsirlidir. Şeýle-de bu ýerde «Bilermenje» atly bäsleşigiň geçip duran pursady hem görkezildi. Bu bäsleşik hem çaganyň pikirlenmek başarnygynda hem-de dünýägaraýşynyň giňemeginde zerur bolup durýar.

Soňra Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň ertekiler esasynda taýýarlan sahnasyna tomaşa edildi. Ol sahna, ylaýta-da, çagalaryň ýadyndan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Soňra myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine girdiler. Olary sirkiň eýwanynda milli aýdym-sazlarymyz hem-de toý sazlary bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar, dutarçylar we bagşylar, deprekçiler toparlary garşyladylar. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik toparynyň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Şol gün Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýörite gezelençler hem guraldy. Köpetdagy etekläp oturan Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenji Arkadag şäheriniň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de Bilim müdirligi bilelikde guradylar. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly çäre özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde «Arkadag şäheri — bagtyýar çagalygyň şäheri» atly aýdym-sazly dabarada Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaşajyk Arkadaglylara baýramçylyk mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, milli terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem öz halkynyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň watansöýüji, halal, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler.

2025-06-04308