TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ynsanperwerlik, adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk

Ynsanperwerlik, adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk

jemgyýetiň kämilligini görkezýän gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr. Şu gün — 29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine laýyk 3 ýyl dolýar. Şu geçen gysga döwürde onuň alyp baran haýyr-sogaply işleri bolsa howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy.
Arkadagyň sahawat serpaýy
Garaşsyz Watanymyzda howandarlyga mätäç çagalary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşap almak, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen meşgullanýan haýyr-sahawat gaznasyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 2021-nji ýylyň 29-njy martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Liderimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň türkmen döwletliliginiň bir sütünine öwrülendigine ünsi çekip, haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalara goldaw bermek üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini aýdyp, degişli düzümi döretmek hakynda taryhy Karara gol çekipdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alyp, hut şol gün Türkmenistanyň Mejlisi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda karary kabul etdi. Edil şol gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda gaznanyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy. Bu asylly başlangyç hormatly Arkadagymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky ýüze çykmasy hökmünde watandaşlarymyzyň giň goldawyna mynasyp boldy.
Dürli sebäplere görä ene-atadan mahrum bolan çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň aýaga galmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrmak Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy maksadydyr.
Giň gerimli işleriň beýany
2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulan gününde ýurdumyzda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitabyň «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýlip atlandyrylan bölümlerinde haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Gymmatly neşirde: «Her bir döwletiň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanyp, onuň netijeleri esasynda ilatyň durmuş ýagdaýlaryna täsir etmeklige, ony gowulandyrmaklyga gönükdirilýär. Onda esasy wezipe raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen, öz saglygyny goramagy, bilim almagy, döredijilik başlangyçlaryny amala aşyryp bilmegi babatdaky mümkinçiliklerini döretmekden ybarat. Jemgyýetde hossarlyga mätäç raýatlaryň bolmagy bu wezipeleri çözmäge dürli çemeleşmeleri talap edýär» diýlip, gaznany döretmegiň esasy maksadydyr wezipelerine, alyp barýan giň gerimli işlerine üns çekilýär.
Ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek meselesine aýratyn ähmiýet berip, öz ajaýyp eserlerinde-de bu babatda gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar. «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýip, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýär.
Ýaşulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi
Geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Milli Liderimiz çagalara hossarlyk edip, howandarlyk gözi bilen garap, olaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda ýetim ýa-da hossarsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň arkasynda döwlet durandyr. Olaryň arkasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz, halkyna hemişe hossar bolan Gahryman Arkadagymyz dur. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredilip, onuň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn orun berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda il sylagly ýaşulularymyzyň bitirýän işleriniň has uludygyny hemişe nygtaýar.
Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglara geňeşiň mejlislerinde seredýärler. Türkmen halkynyň asylly däpleriniň biri bolan çaga at dakmak dessurynyň häzirki wagtda-da uly jogapkärçilik bilen ýerine ýetirilmeginde hem aýratyn many-mazmun bar. Şu meselede ýaşulular Türkmenistanyň kanunçylygyndan we milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýarlar. Şunlukda, gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde ýurdumyz boýunça çagalaryň onlarçasyna Gahryman Arkadagymyzyň ady dakyldy we olar häzirki wagtda Arkadag ogly, Arkadag gyzy diýlip atlandyrylyp, döwrümiziň beýik şahsyýetiniň adyny buýsanç bilen göterýärler.
Hossarlyk — öçmez umyt
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçiren gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi bilen baglanyşykly hasabatlara aýratyn orun berildi. Şonda berlen maglumatlara görä, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Şeýle hem näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeler sarp edildi. Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary gowşuryldy. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlar we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde, çagalar öýlerinde, ýurdumyzyň sagaldyş okuw-dikeldiş edaralarynda bolýan çagalar üçin her ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli sowgatlar satyn alynýar. Gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik eden türgenlere gymmat bahaly sowgatlar berilýär. Onuň haýyr-sahawatly işleriniň giň gerimde dowam etdirilip, häzirki wagta çenli howandarlyga mätäç çagalaryň 300-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Çagalara mähirli garaýşyň nusgasy
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydyr. Geçen döwürde bu merkeze ýüz tutan çagalaryň ýüzlerçesine toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Onda degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler bar.
Dost-doganlygyň hemaýat goly dünýä uzaýar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gazna bolup durýar. Gadymdan gelýän asylly däplerimiz ene-atasyndan jyda düşen çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almagy ündeýär. Pederlerimiz milli ýörelgelerimize esaslanýan bu däplere üýtgewsiz eýerip gelipdir. Şoňa görä, häzirki wagtda çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly çagalar hem ünsden düşürilmeýär. Geçen döwürde gaznanyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň suw almagy zerarly ejir çeken çagalaryna, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri berildi. Munuň özi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir Türkmenistanyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny aýdyň edýär. Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli şeýle ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belleýärler.
Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýylyň iýulynda Milli Liderimiziň asylly başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden degişli derman we lukmançylyk serişdeleriniň, Dokma senagaty ministrliginden harytlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden azyk önümleriniň ugradylandygy bellenilýär. Hoşallyk hatyny gowşurmak mynasybetli guralan çärede gazna Türkmenistandan sowgatlary alan ukrain çagalarynyň şadyýan keşbini şekillendirýän fotosuratlary hem gowşuryldy. Häzirki wagtda bu hoşallyk haty we fotosuratlar haýyr-sahawat gaznasynyň muzeýinde saklanýar.
Geçen ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýaşlar forumynda bolsa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň adyndan Hoşallyk hatyny gowşurdy. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetli ornunyň barha giňden ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Asylly tagallalara döwlet sylagy
Geçen ýylyň 30-njy sentýabrynda durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalardyr ýaşlara maliýe we maddy goldawy, maslahatlary, usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi. Döwletimizde adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata, goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Mejlisiň degişli karary esasynda, geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy. Bu ugurda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we daşary ýurt raýatlarynyň hem köp sanlysy täze medal bilen sylaglanyldy.
* * *
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine laýyk 3 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ilkinji gezek gaznanyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň geçirilmegi bolsa bu düzümiň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärler. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döredip, onuň işini has-da ilerletmek babatda durmuşa geçirilýän işler köpçüligi adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy, jemgyýetde nurana duýgulary has-da ösdürýändigi bilen hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gün türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň we merdanalygyň, gaýratlylygyň binýady bolup, halkymyzy Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşynda mäkäm jebisleşdirýär.

2024-03-29736