TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Kärizgenler» — iň gowy sahna eseri

«Kärizgenler» — iň gowy sahna eseri

Ýaňy-ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Kärizgenler» atly sahna eseri bilen gatnaşyp, «Iň gowy sahna eseri üçin» hem-de «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan spektakl üçin» atly ýörite baýraklara mynasyp boldy.

Baba Annanowyň «Kärizgenler» atly powesti esasynda Bagtyýar Abaýewiň sahnalaşdyran adybir sahna eseri zenan mertebesini we mertligini görkezýän wakalar arkaly suratlandyrylýar. Köpetdagy etekläp oturan kiçijik obanyň uly ykbaly, agyr ýyllaryň döreden tebigy hadysalary, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda galanlaryň kysmaty, ýagty geljege umyt baglaýan ilkinji söýginiň uçgunlary sahna eserinde gopuzyň zaryn owazy bilen garylyp gidýär.

Ýary gijä çenli ýagan güýçli çabganyň yzy bilen yňyp gaýdan sil suwy göz dikilip oturylan bugdaýly meýdanlara howp salýar. Oba adamlary ýaş-u-garry diýmän, gelin-gyz diýmän, ählisi jem bolup, bu apatyň hötdesinden gelmegi başarsalar-da, ikinji bir kynçylyk — käriz gazmak işine başlamaly bolýarlar. Eserde ynsan duýgularynyň naýbaşysy bolan söýgi hem öz ornuny tapýar. Türkmen halkyna mahsus bolan edim-gylymlar, ahlak arassalygy, gaýduwsyzlyk, edermenlik, merdanalyk, wepalylyk ýaly ynsanyýetiň iň asylly häsiýetleri dürli keşpleriň üsti bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Uruş döwrüniň oba durmuşy, gelin-gyzlaryň we mährem eneleriň ýeňişli günler üçin görkezen gahrymançylyklary janlandyrylýar.

Esasy keşplerde ussat halypa artistler Göwher Muhammetgulyýewanyň, Öwezgeldi Hudaýgulyýewiň, Ýeňiş Ýazmyradowyň, Anna Meläýewiň, ýaş zehinli artistlerden Muhammet Sommanowyň, Akmaral Durdyýewanyň, Gülnara Muhammetgulyýewanyň, Eziz Geldiýewiň, Annajeren Welliýewanyň, Annageldi Annaýewiň, Meýlis Gündogdyýewiň we Allanur Nurmuhammedowyň döreden keşpleri diýseň täsirli boldy. Bäsleşikde döreden keşpleri üçin Göwher bilen Gülnara Muhammetgulyýewalar, Akmaral Durdyýewa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan sylaglandylar. Mundan başga-da, «Kärizgenlere» döreden sazlary üçin Şamyrat Çaryýew Hormat haty bilen sylaglandy.

2025-03-0542