
Ýylyň mährem zenany
1-nji martda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bahar paslynyň ilkinji gününde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň künjeklerinden, şeýle hem Arkadag şäherinden wekiller gatnaşdy. Däp bolup gelýän bäsleşik ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygynyň, olaryň jemgyýetde möhüm orny eýeläp, syýasy-ykdysady wakalara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bäsleşikde ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza laýyklykda öz ukyp-başarnygyny, bilimini we saýlap alan hünärinde gazanan tejribesini görkezip, ýeňiji bolan zenanlaryň biri-de Arkadag şäherinden «Ýylyň mährem zenany» Mähri ŞYHYÝEWADYR.
Mähri ŞYHYÝEWA,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, «Ýylyň mährem zenany»:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda «Ýylyň mährem zenany» adyna eýe bolmagym meniň üçin uly sepgitleriň biri. Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdym.
15 ýyldan gowrak wagt bäri bilim ulgamynda çekip gelýän zähmetim, halypalardan öwrenen başarnyklarym, şeýle hem «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde bu ugurda döredilen mümkinçilikler we şertler ýeňiji bolmagymda uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda belleýşi ýaly, zenanyň gözündäki, ykjam geýnişindäki özboluşlylyk diňe zehiniň, edenliligiň janlanmasydyr. Muny başgaça sypatlandyrmak mümkin däl. Zenan nazary, çuň manyly garaýşy bilen dünýä paýhas, zehin paýlaýan ýaly. Hakyky asylzada türkmen zenanlary şeýle bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne setirleri meniň durmuşymda esasy çelgilerimiň biri boldy. Şol hem meniň ýeňiji bolmagyma getirdi. Kitapda başga-da türkmen zenanyna mahsus we mynasyp aýratynlyklar inçelik we örän çeperçilik bilen beýan edilýär. Ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli güneşli Diýarymyzyň ähli gelin-gyzlaryny, ene-mamalarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, zenan mertebesini belent tutýan we milli däp-dessurlarymyzy, gymmatlyklarymyzy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!