
«Euronews» bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
27-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.
Milli Liderimiz Pedro Wargas Dawidi myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Tagallalar birleşende
Şu ýyl biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz duşuşykda aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Pedro Wargas Dawid ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Üstünlikli durmuşa geçirildi
Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerini giňden ýaýmak boýunça meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmegiň wajypdygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hödürledi. Bu resminama 86 döwletiň goldamagynda biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz munuň örän möhüm ädim bolandygyny aýtdy.
Tejribe alyşmagyň geljegine garaldy
Türkmenistanda şu ýylyň şygaryna laýyklykda, milli we halkara derejede dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda guraljak halkara forum esasy çäreleriň biri bolar. Bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bu ugurda meýilleşdirýän işleriniň Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda anyk beýan edilendigini, Konsepsiýa giň köpçülige elýeterli bolar ýaly, onuň metbugatda hem çap edilendigini aýtdy.
«Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň bu iri halkara gurama bilen dialogy yzygiderli ösdürýändigini, ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.