
Saglygy goraýyşda iri gurluşyklar
Gahryman Arkadagymyz Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy
4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz gurluşygy batly depginde dowam edýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň bina edilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz şäher ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň bellenen aralygy bökdençsiz geçip bilmekleri üçin degişli işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň binalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşyny, merkeziň içki we daşky bezeg işlerini, ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşlerini şekillendirýän taslamalar bilen tanyşdy.
Kämil enjamlar bilen üpjün ediler
Paýtagtymyzda täze gurulýan Halkara pediatriýa merkeziniň binalary, onda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze saglyk merkeziniň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Lukman Arkadagymyz taslamalar, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz täze merkeziň täze garaýyşly we uzak geljegi nazarlaýan hassahanadygyny, sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Binanyň aýratynlyklary
Halkara pediatriýa merkezinde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini döwrebap anyklamagyň we bejermegiň beýleki möhüm ugurlary boýunça işlejek lukmanlaryň hünär derejesine zerur üns berilýär. Endoskopiýa, funksional we şöhle bilen anyklaýyş, mikrobiologiýa we bakteriologiýa, psihiatriýa, audiologiýa, endokrinologiýa, gematologiýa, patogistologiýa barlaghanalary, operasiýa bölümleri ýokary derejede enjamlaşdyrylar. Merkeziň barlaghana bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar çagalarda duş gelýän islendik keseli gysga wagtyň içinde anyklamaga hem-de gerekli netijäni bermäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Lukman Arkadagymyz täze merkeziň bölümlerinde, otaglarynda reňkleriň sazlaşygyna aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Onuň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, binanyň bezeg aýratynlyklarynyň, reňkleriniň çagalaryň ünsüni özüne çekmelidigini, olarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda häzirki zaman tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi hem-de öz maslahatlaryny berdi.
Iş maslahaty geçirildi
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň intensiw bejeriş bölüminiň müdiriniň, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda işleýän «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň sebit müdiriniň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleriniň depginleri, onda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, ugurdaş desgalaryň üpjünçilik meseleleri barada giňişleýin hasabatlar berildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda geljegimiz bolan çagalarymyzyň berk bedenli bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkyň saglygynyň diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydygyny belläp, döwrebap merkeziň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow şäheriň häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň toplumynyň kemala gelen ýerinde alnyp barylýan işler, ýerine ýetirilýän arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy we paýtagtymyzda degişli ekologik derejäni saklamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, Aşgabadyň bu gözel künjeginiň özbaşdak şäherçä öwrülendigine ünsi çekdi.