
Arkadagly nesilleriň aýdymy
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna bagyşlanyp dabara geçirildi.
Bu dabarada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagynyň körpeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işlerini hem-de eziz Watanymyzy wasp edýän parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, agzybirlik hakda goşgudyr aýdymlar bilen çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän sagdyn çagalar bilen bir hatarda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagajyklar hem öz başarnyklaryna görä, çykyşlary ýerine ýetirdiler. Türkmen halkynyň ýagty geljegi bolan ýaş nesillerimiz dostluk, parahatçylyk baradaky aýdymlary türkmen, rus, iňlis dillerinde aýtdylar hem-de daşary ýurt tanslaryny ýerine ýetirdiler.
Merkezde dürli kesellerden ejir çekýän körpeleriň birnäçesine bejergi işleri geçirildi. Körpe nesliň sagdyn bedenli, milli terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işler bu günki günde öz oňyn netijesini berýär. Munuň üçin öz çagalarynyň saglygynyň gowulanandygyna begenýän ata-eneleriň Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksiz. Şeýle hem merkeziň çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler ýurdumyzda geçirilýän birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen körpe nesliň aladasy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlardaky durmuş goldawyna mätäç çagalara-da berilýär. Bu bolsa parahatçylyk söýüji halkymyzyň sogaply işleri hemişe goldaýanlygyny görkezýär.
Bütin dünýäde ynsanperwerlik syýasaty bilen parahatçylygy dabaralandyrýan, sogaply işleri yzygiderli alyp barýan, bagtyýar çagalara bagtyň gapysyny açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!