
Mähribanlyk mekdebi
Ýakynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde «Ogulabat ejäniň ömür ýoly — türkmen zenanlaryna nusgalyk ýol-ýörelge» atly maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahatyň dowamynda gelin-gyzlaryň el işleriniň sergisi boldy, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň ömrüniň dowamynda nusgalyk galdyran el işleriniň hem-de öwüt-nesihatlarynyň gymmatyny bellediler. Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus bolan salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik aýratynlyklary jemlenendir. Bu aýratynlyklary alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde hem giňden beýan edýär. Ogulabat ejäniň nagyşdyr keşdeleriniň her biriniň özünde çuňňur manylary jemleýändigini çykyş edenler aýtdylar. Şol nagyşlarda düýpsüz umman, gözýetmez dünýä, çuňňur many ýerleşdirilýär. Şolarda Ogulabat ejäniň öz dünýäsi, arzuw-islegleri sungatyň üsti bilen mälim edilýär.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Gelin-gyzlara mahsus üme dessury türkmen gyzlary üçin edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň hem-de sungata aralaşmagyň mekdebi bolupdyr. Ol ýerde ýaş gyzlar özleriniň boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan ýa-da gelnejeleridir ýeňňelerinden el işlerini öwrenmek bilen, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny öwrenýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar barada alnyp barylýan işler ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri enelerimiziň hem-de gelin-gyzlaryň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýär. Şol milli häsiýetleri ýaş nesillere geçirmek, ýaşlaryň kalbynda bu mukaddesliklere söýgi döretmek, ata Watanymyzyň ýeten beýik ösüşlerine goşandyny goşmak maksady bilen, lukmançylyk mekdebimizde talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýandygy barada bellendi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda güllere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar gününiň uludan bellenmegi her bir ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Türkmen zenanlary taryhyň islendik döwürlerinde maşgala ojagynyň sarsmaz sütüni, edep-terbiýäniň, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy, şeýle hem öýüniň nury, ýaraşygy bolupdyr. Olar tebigatyň adamzada bagyş eden iň asylly häsiýetlerini özlerinde jemläp, ony nesillerden-nesillere geçiripdirler. Türkmen halky zenanlary mähek daşyna deňeýän, kümüş saçly eneleri hemişe ýokary mertebelerde goýup arzylaýan halk.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.