
Çagalara haýyr-sahawat — nurana geljegiň aladasy
Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa bu ýerde ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde işleýän her bir lukmanyň, hünärmeniň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlenildi. Olaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde möhüm wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda çagalaryň sazlaşykly ösüşine, olaryň saglyk ýagdaýynyň doly derejede dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy. Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hem häzirki döwürde sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin bilelikdäki tagallalar zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, O.Atabaýewa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli rowaçlandyrylýan ynsanperwer ýörelgeleri has-da ilerletmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady.
Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna baryp gördi. Merkeziň ýolbaşçysy çagalar bakja-bagynda döredilen şertler, binalaryň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde körpeler barada edilýän aladalaryň netijeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler belent ruha beslenen goşgularyň üsti bilen döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bejeriş binasyna baryp gördi. Merkezde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda habar berildi.
Lukmanlar merkezde ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Merkeziň ýolbaşçysy we lukmanlar bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra çagalar belent ruha beslenen goşgulary, aýdymlary we joşgunly tanslary bilen bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyza bolan söýgüsini, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Körpe nesilleriň şadyýan owazlary bu ýerde guralan dabaraly çäre bilen utgaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar sowgatlary hoşallyk duýgusy bilen kabul edip, çaga kalbyndan çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem merkezde bejergi alýan çagalaryň hemmesine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň adyndan dürli sowgatlar gowşuryldy. Şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenen dabara merkezde bejergi alýan çagalaryň ruhuny göterip, olaryň şowhunyny has-da artdyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa körpeleri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlap, olaryň tiz sagalmaklaryny, sagdyn, berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.