
Gender deňligi: jemgyýetde zenanlaryň orny
Her bir jemgyýetiň, döwletiň abadançylygy, öňi bilen, maşgaladan gözbaş alýar. Türkmenlerde maşgala edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanýar. Maşgala terbiýesiniň özeninde dowamat-dowam bolup gelýän milli däp-dessurlar, edim-gylymlar, pähimli ýörelgeler bar. Gaýratly, güler ýüzli mährem zenanlar ojaklaryň ýaraşygy, maşgalanyň diregi hökmünde asylly däpleridir ýörelgeleri dowam etdirijilerdir. Şoňa görä, ýurdumyzda zenanlaryň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna gatnaşmagyny giňeltmek, şol sanda olaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak işinde döredijiliklerinden netijeli peýdalanmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala ojagynyň diregi hökmünde milli däp-dessurlary, halkyň ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde, olary ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmakda, jemgyýetçilik durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmakda zenanlaryň bitirýän işlerine ýokary baha berilýär. Zenanlarymyz döwletimizde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde zähmet çekýärler, syýasy işlere gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar. Zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklary, bähbitleri, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak babatda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlardyr erkekleriň öz raýatlyk işjeňligini ösdürmäge bolan hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin strategik maksatlary kesgitleýän «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminamada zenanlara we erkeklere zähmet çekmäge deň mümkinçilikler, hünäri erkin saýlap almak, telekeçilik işini amala aşyrmak, zähmeti ene-ata borçlary bilen utgaşdyrmak, zähmetiň howpsuz şertlerine deň hukuklar, deň derejeli zähmet üçin deň hak almak döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ýurdumyzyň 2022 — 2024-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyp, ony abraý bilen amal etmegi bolsa bu ugurdaky syýasatyň netijeli häsiýete eýedigini, milli derejedäki tagallalaryň dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.
Syýasy ulgamyň kämilleşmegi, ösdürilmegi, ýurdumyzda gender deňligini gazanmakda häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan jemgyýetiň döredilmegi bilen, gender syýasatynyň ähmiýeti barha artýar. Şonuň netijesinde gender deňligini üpjün etmek durmuş adalatlylygynyň talaby, demokratiýanyň zerur bölegi bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny şu ýylyň maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Bu dialogyň 2022-nji ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň we Russiýanyň milli tejribesi bilen tanşyp, gün tertibine girizilen meseleler barada pikir alyşdylar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri, teklipleri beýan edipdiler. Zenanlaryň «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky bu möhüm meýdançasynyň nobatdaky dialogy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem uly mana eýe bolup, dostlukly halklaryň arasynda syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginde, parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň ilerledilmeginde zenanlaryň goşýan goşandyny ýene bir gezek ykrar etmäge amatly mümkinçilik döreder.
Gender deňliginden gelip çykýan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşmakda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Zenanlar birleşigi hem maksatnamalaýyn esasda giň gerimli işleri dowam etdirýär. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň we hukuklarynyň goralmagy, ähli ugurlarda deňlik, düşünişmek, goldaw bermek, höweslendirmek ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi örän buýsandyryjydyr.