TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Awazada «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwal...

Awazada «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Düýn geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Meýilnama laýyklykda, festiwaly hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty Hazar deňziniň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

2023-05-27256