
Parahatlyk – rahatlyk
Parahatçylyk — ynamlaryň, arzuwlaryň miwe bermeginiň ygtybarly ýoly. Dünýä edebiýatynda bu babatda: «Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir» diýen paýhas bar. Gadymy halkymyz parahatçylygyň gadyr-gymmatyna gaty ir döwürlerde göz ýetirensoň, bir-birege edýän iň gowy arzuwlarynyň biri parahatçylyk bolupdyr. Muny «salam» sözüniň «salamatlyk» diýen manyny aňladýandygy hem aýdyň görkezýär.
Bütin dünýä parahatçylyga ymtylýar. Adamlar söýgüsini, ynamyny bir-birege berk baglan halatynda parahatçylygyň ömri uzak bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär.
Parahatçylyk barada söz açylanda Gurbannazar Ezizowyň şu setirleri kalbyňa dolýar:
Neneň oňat! Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, Gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde.
Ussat şahyryň bu çugdam setirlerinde, göýä, türkmeniň, külli adamzadyň parahat durmuşy jemlenen ýaly. Hakykatdan-da, diňe parahat durmuşda täze güller açylýar. Ýer ýüzünde bir-birege ene hüwdüsi ýaly mähirli, mylaýym sözleri aýdyp, ýagşy niýete, rysgal-berekede beslenip, abadan-asuda durmuşa buýsanyp ýaşamakdan uly bagt barmy näme?!
«Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy», «Kyýamat güni goňşudan» ýaly nakyllarymyzda-da, gadymy «Görogly» eposymyzda Jygalybegiň agtygyna: «Il-halkyň bir iş tutsa, // Sen ondan galyjy bolma» diýýän öwütlerinde-de, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň: «Barar ýere kesek atyjy bolma» ýa-da nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,..» diýen öwüt-pentlerinde-de bir-birege ynanyşmak, ylalaşykly bolmak, ynsanperwerlik, dogry sözli bolmak ýaly ýörelgeler ündelýär. Hut şonuň üçin hem bu dokdäne setirler asyrlarboýy halkymyzyň kalbynda ýaşap gelýär. Keýmir serdar, halkyň söýgüli sazandasy Şükür bagşy hem söz bilen, saz bilen çözüp bolýan meselede ýarag ulanmazlygyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Şu zatlaryň aňyrsynda hem türkmeniň ata-baba ylalaşykly, düşünişmek ýoly bilen, dost-dogan bolup ýaşamak ýörelgelerine uýandygyny aýdyň görkezýär.
Parahatçylyk söýüjilik syýasaty bütin dünýäde dabaralandyrmakda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Muny 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginde hem aýdyň görýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýoluny bütin dünýäde dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň ägirt uly taryhy ähmiýetiniň bardygyny biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz doly subut edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlardygy bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi hem şanly ýyla şan beren wakalaryň biridir.