TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hünär baýramçylygynda täze jaýlaryň açarlary

Hünär baýramçylygynda täze jaýlaryň açarlary

Düýn Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Berdinazar Hudaýnazarow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9 gatly 54 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Arkadag şäheriniň häkimi, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler asuda, parahat ýurdumyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi, şeýle-de ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Jaý toýuny tutýan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärlerine täze jaýlarynyň rysgally, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde hünär baýramlary gününde jaý toýuny toýlaýan, bagtdan paýly ildeşimiz Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Artykmyrat Mämmetmyradow ýürek sözüni şeýle beýan etdi.

— Şu gün durmuşymda ýatdan çykmajak gün boldy. «Akylly» şäherde 4 otagly döwrebap öýüň açaryny almak, jaý toýuny tutmak bagty nesip etdi. Öýüň otaglary häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelip, giňligi, ýagtylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de aşhana otagy hem iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilipdir. Jaýlaryň golaýynda çagalaryň wagtyny şadyýan, gyzykly geçirmegi üçin oýun we sport meýdançalary bar. Döwrebap mebeller öýümiziň görküne görk goşýar.

Bize şeýle eşretli durmuşy peşgeş beren, işlemäge, ýaşamaga halkymyzyň abadan, bagtyýar, bolelin ýaşamagyny üpjün etmekde ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

2024-10-0971