TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen kitabyň tanyşdyrylyşy bo...

Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Yslam ösüş bankynyň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanan hem-de bu banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, döwletimiziň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilen kitabyň sowgat berilmegi bilen gutlap, ýurdumyzda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu iri maliýe düzüminiň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda Yslam ösüş bankyna agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi hakynda anyk maglumatlara üns çekilip, söwda-ykdysady häsiýetli, ilkinji nobatda, ählumumy derejeli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasaty babatda alnyp barlan bilelikdäki işlere giňişleýin syn berildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň belleýşi ýaly, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan başlap, bu bank tarapyndan Türkmenistandaky taslamalaryň 26-sy maliýeleşdirildi. Şol taslamalar ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, olar lukmançylyk we saglygy goraýyş, suw hojalygy, demir we derýa ýollary, telekommunikasiýalar, gaz geçiriji infrastrukturalar ýaly ugurlary öz içine alýar. Şunda bu günki gün strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan üstünlikli özara bähbitli gatnaşyklaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň durandygy aýratyn nygtaldy.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 30-njy iýunynda haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherine amala aşyran sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani bilen duşuşyp, ýurdumyzyň Yslam ösüş banky bilen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda doktor Ahmad Mohammad Ali Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen Mekgede geçiren duşuşygynyň şu gün Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredendigini aýdyp, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleri babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň sebitde hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
— Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ýurduň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde Yslam ösüş bankyna aýratyn orun degişlidir. Bank maliýe we karz ýeňilliklerini hödürlemek, edara ediş hem-de hukuk düzümlerini döretmek, duşuşyklary geçirmek, hyzmatlary hödürlemek arkaly bu geçelgelere beýleki ýurtlaryň hem goşulyşmagy üçin höweslendiriji syýasaty amala aşyrmak boýunça degişli işleri alyp barýar. Şeýle geçelgeleriň döredilmegi sebitde ykdysady we medeni ösüş babatda oňyn netijeleri berer, parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine goşant goşar — diýip, eýran diplomaty belleýär.
Täjigistanyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda işleri boýunça geňeşçisi Aýhan Yşyk dagy bolsa türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitapdaky maglumatlaryň okyjylar köpçüligi, hususan-da, bank ulgamynyň hünärmenleri, yslam bank ulgamyny öwrenijiler üçin ygtybarly gollanma boljakdygyna ynam bildirdi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä hem aýlanyp gördüler.

2023-07-07525