Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy hormatly Binali Ýyldyrym!
Budapeşt şäherinde bildirilen myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Geňeşiň Wengriýadan agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda, Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.
Türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şundan ugur alyp, biz hem bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderileriniň öňe sürýän bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris.
Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur. Bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam ederis. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlensek we bu teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Söwda-ykdysady ugurda entäk ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynda Geňeşiň agzalary uly orun eýelemelidir.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýylanda bolsa, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasy, milli aýdym-saz sungatymyz şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelipdir. Biz pursatdan peýdalanyp, Geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Aksakgallar geňeşiniň mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. Bu mejlis Oraza aýyna gabat geldi. Biz bilelikde, bir saçagyň başynda ýagşy işleriň rowaç bolmagyny dileg etdik. Görşüňiz ýaly, şu ýylyň dowamynda hem gowy netijeleri gazandyk. Musulmançylygyň däp-dessurlaryna, «Ula – hormat, kiçä – sylag» diýlen pähime eýerilmelidir.
Hormatly Geňeşiň agzalary!
Siziň ak pataňyz bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdik. Siziň goldamagyňyz bilen şu ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Taryha ser salsak Änew şäheri 7-12-nji asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň biri bolupdyr.
Bu şanly wakalar mynasybetli türki döwletleriň gatnaşmagynda birnäçe halkara çäreler ýokary derejede geçirildi. Munuň üçin size minnetdarlygymy bildirýärin. Biz bu hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etmelidiris.
Hormatly Geňeşiň agzalary!
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäsiniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem ýaňy ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly kararnama kabul edildi.
Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýlen ajaýyp pähim bar. Eger-de siz goldasaňyz, Geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileý baýramyna gabatlap Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar.
Halkymyzda Muhammet Pygamberiň ýaşyna – 63 ýaşa ýeten adamlar «hormatly ýaşuly» diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, makullasaňyz, geljekde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşini Ýaşulular Geňeşi diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geliň, biz Geňeşiň «Hormatly il ýaşuly» diýen sylagyny hem-de nyşanyny döredeliň.
Şunuň bilen birlikde, Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini bellemek isleýärin. Biziň Geňeşimiz halkara derejesindäki Gurama diýlip ykrar edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesiller geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen baglylykda, Geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin.
Men sözümiň şu ýerinde «Zaman» gazeti barada bellemek isleýärin. Biz bu gazeti 1991-nji ýylda türk doganlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çap edilip gelinýär.
Men çykyşymyň dowamynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragy barada belläp geçdim. Biz ýaňy-ýakynda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni seýilgäh toplumyny gurduk. Bu seýilgähde türki dünýäsiniň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Şolaryň hatarynda türk halkynyň söz ussady Ýunus Emre, özbek şahyry Alyşir Nowaýy, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow, wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň heýkelleriniň bardygyny, gazak halkynyň filosof şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkeliniň Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde oturdylandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.
Şu ýerde ýene bir zady bellemek isleýärin. Türkmenistan 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, latyn elipbiýine geçdi we şondan bäri hem bu elipbiýi ulanylyp gelinýär.
Sözümiň ahyrynda, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de onuň Aksakgallar Geňeşiniň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyma ynandyrmak isleýärin.
Siziň ähliňize alyp barýan işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň!