TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen Bitaraplygy dünýä mediasynda

Türkmen Bitaraplygy dünýä mediasynda

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy dünýä ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürýän ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymatyny has-da dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň özboluşly we BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukugynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek senesiniň, ýagny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň öňüsyrasynda, Türkmenistan dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň deňi-taýy bolmadyk giň möçberli düzümini kabul etmäge taýýarlanýar.

Dünýäniň öňdebaryjy habarlar guramalaryna, teleýaýlymlaryna, abraýly metbugat we sanly neşirlerine wekilçilik edýän köp sanly halkara žurnalistleriň, seljerijileriň we operatorlaryň gelmegi uly gyzyklanmadan nyşandyr. Olaryň esasy wezipesi — ýubileý dabaralarynyň möhüm wakasy bolan Parahatçylyk we ynanyşmak halkara forumyny giňişleýin şöhlelendirmekden ybaratdyr. Bu forum parahatçylyk döredijiligiň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar.

Akkreditirlenen žurnalistleriň hatarynda halkara metbugat giňişliginde wakalaryň giňden ýaýradylmagyny üpjün edýän dünýäniň iri metbugat teleýaýlymlarynyň wekilleri bar. Hususan-da, daşary ýurtlaryň we halkara KHBS-leriň, şol sanda Hytaýyň «CGTN TV» teleýaýlymynyň, «Asiavision» habarlar gullugynyň, şeýle hem «Ruptly TV» dünýä wideoagentliginiň habarçylarynyň, operatorlarynyň we synçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Russiýanyň we döwletara metbugat serişdeleriniň üsti bilen wakalaryň has giňden şöhlelendirilmegi üpjün ediler: «MIR 24» we «Россия 24» teleýaýlymlarynyň wideoýazgy ediş toparlarynyň işjeň işlemegine, şeýle hem «Большая Азия» metbugat toparynyň habarçylarynyň, Döwletara habarlar gullugynyň wekilleriniň we beýlekileriň işjeň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler, wakalar Aziýa — Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň «Asiavision» habarlar platformasy arkaly giňden ýaýylýar. Bu platformanyň habarlary Ýaponiýanyň «NHK», Hytaý Halk Respublikasynyň «CCTV», Eýran Yslam Respublikasynyň «IRIB», Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleýaýlymlarynda we Aziýanyň çägindäki onlarça iri teleýaýlymlarda beýan edilýär. «TRT» teleýaýlymynda Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler yzygiderli beýan edilýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkezi tarapyndan gündelik täzelikler boýunça wideo şekilli habarlar taýýarlanylýar, «Mir» döwletara teleradioýaýlymynda hem gepleşikler gündelik ýaýlyma berilýär. Şeýle habarlar «Большая Азия», «Моя планета» teleýaýlymlarynda hem yzygiderli ýetirilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň «CCTV» teleýaýlymynyň «CGTN Russia» internet teleýaýlymynda taýýarlanylýan gepleşiklerde Türkmenistanyň üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle habar beriş serişdeleriniň ýene biri Gazagystanyň «Silk way» teleýaýlymydyr. GDA-nyň döwletara habarlar gullugynda wideo görnüşli täzelikler hem-de habarlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Türkmenistan habarlar portaly gündelik täzelikleri türkmen, rus, iňlis dillerinde habarlar we wideo görnüşlerinde ýaýradýar.

Türkmen Bitaraplygy we onuň yklymda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda ýagty geljek üçin tagallalary birleşdirmekdäki uly ähmiýeti halkara media ulgamynda özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. BMG-niň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatda bu guramanyň ýolbaşçysynyň ýurdumyz barada teswiri beýan edilýär: «Merkezi Aziýa döwletleriniň hoşniýetli gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türkmenistanyň uly orny bardyr». Şeýle-de dünýäniň ençeme habar beriş serişdelerinde BMG-niň ýolbaşçysynyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygy üpjün etmekde esasy faktorlaryň biri» diýen sözleri getirilýär.

Media ulgamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan «Mir» döwletara teleradiokompaniýasydyr. Belläp geçsek, 2021-nji ýylda ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin Gahryman Arkadagymyz «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Milli habar beriş serişdeleriniň öňünde hemişelik Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny düşündirmek, dünýä we milli habarlar agentlikleri, döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri beýan etmekde iri halkara neşirleriň gyzyklanmasyny goldamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek geçirilýän işleriň esasy ugurlarynyň biridir. 2020-nji ýylyň noýabrynda bu meşhur kompaniýanyň ýolbaşçy düzümi bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Habarlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu bolsa Arkalaşygyň ýurtlarynda bolup geçýän wakalary giňden we yzygiderli beýan edýän «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň serişdelerinde türkmen habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhüm ädimi boldy.

Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri tarapyndan öndürilýän kontentleriň dünýäde uly islege eýe bolýandygy «DD», «MRTV», «RTB», «TV5», «VTV» we «SSTV» ýaly belli sebit teleýaýlymlary tarapyndan işjeň ulanylýandygy bilen hem düşnüklidir.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdylar. Uly ähmiýete eýe bolan duşuşyklarda türkmen Bitaraplygyny bütin dünýäde wagyz etmek, halkymyzyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» teleýaýlymyna interwýu bermegi taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Milli Liderimiz çuňňur manyly sözlän sözünde şeýle belledi: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr. Ol Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýär». Şu nukdaýnazardan hem türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde abadançylygy, asudalygy we parahatçylygy goldamak bilen, her bir halkyň ýagty geljegi, eşretli durmuşy we nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda möhüm syýasy gural hökmünde çykyş edýär.

2025-11-2621