
Arkadag şäheriniň muzeýine täze taryhy tapyndylar
21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek barada aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary muzeýlere tabşyrmak dabaralary geçirilýär.
Düýn Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky Ahal welaýatynyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylaryň 182 sanysy Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Olar muzeýiň ekspozisiýasynda sergilenip, halk köpçüliginiň görmegi üçin mümkinçilik döredildi.
Dabara «Nusaý», «Abiwerd», «Köne Sarahs», «Gökdepe» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, «Gökdepe» milli muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň hünärmenleri, Arkadag şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Hünärmenler ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada söhbet etdiler. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen olar babatda wajyp işleriň durmuşa geçirilýändigini aňladýar.







