
Türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkidilýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
19-20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi. Muzeý bilen tanyşlygyň ahyrynda medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Biomedisina tehnologiýalary
Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgüne geldi. Köşgüň duşuşyklar otagynda O.Atabaýewany W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Halkara gaznanyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa şu gezekki duşuşyga halkara gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, biomedisina tehnologiýalaryny döretmek we iş tejribesine ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda ösdürmekde eýeleýän işjeň orny bilen şertlendirilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara gaznanyň biomedisina tehnologiýalaryny ilerletmäge gönükdirilen işi türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýär.
Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny nygtady.
«Sagdyn bolmak modadyr»
Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy. Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýanyň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin söz berildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk meselesine ünsi çekýändigini belledi. Çünki adamyň saglygy onuň ykdysady, durmuş, ruhy-ahlak abadançylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda saglygy goramak diňe bir lukmançylyk wezipesi bolman, eýsem, döwletleriň we halklaryň ösüşini, abadançylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biri bolup durýar.
«Ýüregiň emri bilen»
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.
D.Gurskaýa Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine uly hormat goýýandygyny, gaznanyň bejergi maksatnamalary we sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly başlangyçlarynyň ruhlandyryjy görelde bolup durýandygyny belledi. Wekiliýetiň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin Diana Gurskaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çagalaryň bähbidine alyp barýan yzygiderli işine ýokary baha berdi. D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
«Georgin» gaznasy
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.
«Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan galan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer işiniň nusgalykdygyny belledi hem-de gazna tarapyndan milli ruhy gymmatlyklaryň öňdebaryjy lukmançylyk çemeleşmeleri bilen utgaşdyrylmagynyň dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýandygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu duşuşygyň lukmançylyk kömegine mätäç çagalara goldaw bermäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň işi bilen tanşandygyny belläp, onuň işinde çagalaryň başarnyklaryny durmuşa geçirmäge, olaryň bilim we dynç almagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň guwandyryjydygyny aýtdy. Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.
Umumadamzat ösüş maksatlary
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalary goldamak babatda hakyky ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýanyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşandygyny aýdyp, 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanda Russiýanyň medeniýetine, rus diline uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy uzak möhletli esasda mundan beýläk-de ösdürmegi berk maksat edinýändigini tassyklady.
Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar. Günüň ikinji ýarymynda Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.
Şeýlelikde, Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.







