TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Tejribe alşyldy

Tejribe alşyldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, lukman Arkadagymyzyň paýhasy netijesinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylan üstünlikleri milli lukmançylygymyza ornaşdyrmak işinde dünýäniň abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksat edinilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda teleköpri arkaly Germaniýanyň belli klinikalarynyň professor-lukmanlarynyň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Arkadag şäheriniň we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde «saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy ýokary derejede geçirildi.

Ýaňy-ýakynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg şäheriniň Gamburg-Eppendorf klinikasynyň direktory, neýrohirurg lukmany proffesor Manfred Westfal Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda iş saparynda bolup, ýerli lukmanlarymyz bilen kelle beýnide we oňurga ýiliginde täze döremeleriň sebäbini anyklamak we hirurgik bejergini geçirmeklik ugrunda tejribe alyşdylar. Tejribe alyşmagyň çäklerinde lukmanlar çagalarda we uly adamlarda nerw kesellerinde, täze döremelerde we degeneratiw kesellerde ýokary derejeli ýöriteleşdirilen döwrebap anyklaýyş amallary we operatiw bejergileri ýerine ýetirdiler.

2025-11-2626