
Abadançylygyň goragynda
Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Arkadag şäheriniň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan okuw maslahatlary geçirildi.
Onuň maksady Türkmenistanyň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar çygryndaky kanunçylygyny, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny düşündirmekden, ilaty, çäkleri we desgalary tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan goramakdan ybaratdyr.
«Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň kanuny we degişli okuw maksatnamasy esasynda guralan bu okuwa Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzümleri hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Bu çäre tebigy hadysalardan goraglylygy artdyrmakda, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly amala aşyrylýan işler sanardan köpdür. Bu jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär. Arkadag şäheriniň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan geçirilýän okuw sapaklary hem munuň mysalydyr.







