
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr
22-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.
Döwletlilik ýörelgeleri
Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çärelerde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bolan milli buýsanjynyň aýdyň nyşanydyr.
Baş şäheriň abadanlaşdyrylyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
«Bitaraplyk» suw howdany»
Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. «Bitaraplyk» suw howdany» diýlip atlandyrylan bu howdan paýtagtymyzyň ak mermerli binalary bilen sazlaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Sahawatly topragyň berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Guramaçylyga garaldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda çäreleriň medeni maksatnamasynyň baý many-mazmuna eýe bolmagyna zerur üns berilmelidir. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli önümleriň, baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz halkara çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen paýhasly jümleleri esasy ugur edinýän türkmen myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini dünýä ýaýmak babatda alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.







