TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalaryň bähbidine tagallalar

Çagalaryň bähbidine tagallalar

22-nji noýabrda paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw» ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Gözden geçirilişde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliklerine degişli bölümlere aýratyn orun berildi. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ministrlikleriň tagallalary bilen amala aşyrylýan işler baradaky maglumatlar barada düşünje almaga mümkinçilik döredi.

Soňra Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäre öz işine başlady. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda çagalar baradaky ählitaraplaýyn alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu günki çäräniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýändigini aýdyp, O.Atabaýewa bu iki düzümiň esasy maksadynyň çagalaryň saglygyny goramakdan, olaryň bilim almaklaryna ýardam bermekden, durmuş üpjünçiligi meseleleri boýunça degişli işleri amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawy öz içine alýan geljegi döretmegiň ähmiýeti barada pikir alyşmak we Bütindünýä çagalar gününi dabaralandyrmak maksady bilen ýörite çäräniň guralandygyny belledi. O.Atabaýewa çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine goldaw bermegiň ýurdumyzyň nurana geljegine mynasyp goşantdygyny aýdyp, ýaş nesillere goldaw bermegiň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy ugruna öwrülendigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň goldawlarynyň ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmäge oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, gaznanyň milli we halkara guramalar bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynda ähli çagalaryň bähbitleri nazara alynýar. Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäre hem her bir çaganyň sport bilen meşgullanmaga, okamaga, ukybyny açyp görkezmäge hukugynyň bardygyny tassyklaýar. Şunda sportuň mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ähmiýetli gural bolup durýandygyny, onuň pugta ynama, erkinlige, şatlykly pursatlara giň ýol açýandygyny aýtmak gerek.

Sözüniň ahyrynda O.Atabaýewa bu çäräniň ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen tagallalara uly ähmiýet berilýändiginiň beýanydygyny, ynsanperwer tagallalaryň dowam etdirilmeginiň çagalaryň abadançylygynyň bähbidine ygtybarly binýady emele getirýändigini belledi.

Soňra çäre BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol çykyşynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna, hususan-da, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. D.Şlapaçenko Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi, olaryň hukuklarynyň doly derejede goralmagy bilen bagly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nygtady. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýady bolup durýar.

Çykyşlarda ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli çagalaryň döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalandygy, bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Soňra Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen çärä gatnaşyjylar bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de tennis boýunça guralan ýaryşa tomaşa etdiler.

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çäräniň dowamynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň tennis boýunça bäsleşikleriniň guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çagalaryň ýeňşe bolan ynamy we yhlasy bäsleşiklere tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Soňra bu ýerde bäsleşikleriň jemi jemlenip, oňa gatnaşan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýörite taýýarlanylan sowgatlaryň gowşurylmagy çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Çagalar döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

2025-11-2665