TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty)
Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Mukaddes Oraza aýynyň şu sogaply gününde Änew şäherindäki täze metjitde agzaçar sadakasyna gatnaşýarys. Halkymyzda ýol çekmek, köpri, metjit gurmak sogap iş hasaplanýar.
Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde Änew topragynda düýbi tutulan bu metjit döwrebap görnüşde bina edilipdir. Täze metjidiň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň Oraza aýynda ulanmaga berilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi parasatly ata-babalarymyzdan miras galan haýyrly işleri ýagşy günler bilen baglanyşdyrmak, mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýän Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin köp sanly myhmanlar geldi. Şeýle şanly günlerde mukaddes Änew topragynda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjidiň ulanmaga berilmegi bolsa parz işlerimiziň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezýär.
Bu metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar. Onda bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre ýetýär. Gümmeziniň beýikligi bolsa 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar. Metjitdäki we bu ýerde gurlan 500 orunlyk sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleri, gümmeziniň, diwarlarynyň nagyşlary bugdaý şekilinde bolup, ol Änewiň ak bugdaýyň we ekerançylygyň ilkinji mekany bolandygyny aňladýar.
Metjidiň we sadaka jaýynyň içiniň gök nagyşlary Seýit Jemaleddin metjidinde ulanylan şekilleriň reňkindedir. Diwarlaryna nesilbaşymyz Oguz hanyň nyşanyny aňladýan sekizburçly nagyşlar çekilen metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky ýaşyl reňkli uly yşyklandyryjyda arapça «Alla» diýen ýazgy bar. Metjidiň we sadaka jaýynyň içindäki halylardaky nagyşlar hem Oguz hanyň nyşanlaryndan alyndy.
Hormatly adamlar!
Türkmenler öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr.
Hormatly adamlar!
Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler.
Döwletimiz haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän adamlara hem uly goldaw berýär. Her ýyl ildeşlerimiziň müňlerçesi mukaddes ýerlere zyýarata gidýär. Oraza aýynda agyz bekläp, agzaçar sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär. Ýurdumyzda mukaddes Oraza we Gurban baýramlary döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.
Eziz watandaşlar!
Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe medet bersin!
Hormatly adamlar!
Geliň, häzir çaý başynda il-ýurt bähbitli soraglary ara alyp maslahatlaşalyň! Ýaňy belläp geçişim ýaly, taryhda gadymy Änew topragy rysgal-berekediň mekany bolupdyr. Ak bugdaýyň, ilkinji ekerançylygyň dörän ýeri hasaplanýan bu mukaddes toprak bu günki gün hem gülläp ösüşleri başdan geçirýär.
Halk arasynda “Seýit Jemaleddin metjidi” ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary, bilşiňiz ýaly, Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýär. Metjidiň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446 — 1457 ýý.) ady getirilipdir. Şol ýazgyda bolsa: «Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul Kasym Babyr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we patyşalygyny ebedileşdirsin!» diýlip bellenilýär. Beýleki ýazgylarda «Gözellik öýüni» Horasandaky ýerli häkimleriň biri bolan Muhammediň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-we-d-diniň hatyrasyna öz serişdeleri bilen 1455 — 1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär. Taryhçy alymlar Seýit Jemaleddiniň yslam dinini düşündirmekde meşhur alym bolandygyny, şonuň üçin oňa «dünýäniň we diniň bezegi» diýen derejäniň berlendigini tassyklaýarlar.
Oňat bişen kerpiçden bina edilen Änew metjidi barada il içinde dürli rowaýatlar bar. Bu metjit keramiki şekiller we syrça bilen gowy bezelipdir. Metjidiň inli girelgesi howla tarap bakýan eken. Girelgäniň arkasynda gümmez bilen örtülen, taraplary on ýarym metrlik inedördül giň otag bolupdyr. Bu otagyň iç ýüzüniň günorta diwarynda syrçalar bilen bezelen mährap ýerleşipdir. Onuň gapdallarynda daş ýüzüne çykyp duran tekjeler goýlupdyr. Metjidiň özboluşly bezeginiň çeperçilik taýdan uly ähmiýeti bolupdyr. Şol bezegde arkanyň üstünde biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüp gelýän iki aždarhanyň şekili çekilipdir. Jaýyň öň ýüzünde meňzeş aždarhalaryň şeýle şekiliniň nusgasynyň Merkezi Aziýada başga ýerde gabat gelmeýändigini taryhçylardyr etnograflar belleýärler.
Metjitde şekili çekilen aždarhalar barada rowaýat hem bar.
...Bir gezek adalatly we parasatly patyşa zenanyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty hem howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Olar derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenlerinde, ägirt uly aždarhanyň jaňy kakandygyny görüpdirler. Ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir. Soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümläp, daga tarap ugrapdyr. Patyşa zenan ussalara aždarhanyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, uly dag goçuny diriligine ýuwdup, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler. Dag goçunyň şahlary bogazyndan geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, goçuň şahlaryny byçgy bilen kesip aýryp, ony böleklere bölüpdirler hem-de aždarhany jebirden halas edipdirler.
Şundan soň, birinji aždarha ussalary hazynadan doly bir derä eltipdir we olara şol baýlykdan göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir. Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýarypdyr. Olar galadan çykanlarynda, şol iki aždarhany görüpdirler. Aždarhalar köp altyn we gymmat baha daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa zenanyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler.
Zenan patyşa şol gymmat baha daşlardan uly metjit gurmagy we onda şu baýlyklary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär.
Hormatly adamlar!
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabymda belleýşim ýaly, Seýit Jemaleddin metjidini 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesi weýran etdi. Onuň ownujak bölejiklere bölünen diwarynyň üýşmekleriniň aşagynda galan şekil bezegleri bolsa ýarym asyrdan gowrak wagt ýeriň astynda ýatdy. Biziň ata-babalarymyzyň döreden şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eseriniň böleklerini ýumrulan haraba üýşmekleriniň aşagyndan çykarmak we çigit ýaly bölejikleri ýygnap dikeltmek diňe ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde türkmen hünärmenlerine başartdy. Seýit Jemaleddin metjidiniň dikeldilen bu bezeg bölejikleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde köpçülige görkezilýär.
Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň şekilleri boýunça geçirilen ylmy derňewler onuň hytaý şekillendiriş sungaty bilen meňzeşliginiň bardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe alymlar “bu meňzeşlik orta asyrlarda türkmen we hytaý ussalarynyň arasynda işjeň hünär gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär” diýip çaklaýarlar. Elbetde, gatnaşyklar Beýik Ýüpek ýoly boýunça amala aşyrylyp, şol döwrüň döredijilik wekilleri alysdaky Çyn-Maçyn illerine barandyr. Hytaýyň ökde ussalary bolsa türkmen topragynyň şöhratly şäherlerini gözi bilen görmek we kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin güneşli ülkämize gelendir.
Hormatly adamlar!
Taryha ser salsak, türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Bu babatda ata-babalarymyz biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda hytaý halky bilen «Kasam şertnamasy» diýlip atlandyrylan şertnamany baglaşypdyrlar. Şeýle ylalaşyk iki halkyň birek-birege ýakynlygyny görkezipdir. Şertnamada: «Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!» diýlip nygtalýar.
Hormatly adamlar!
Ýeri gelende, şu ýerde bir zady belläp geçesim gelýär. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi ýöne ýerden däl. Gündogar müçenamasy boýunça bizde şu ýyl luw (balyk) ýyly hasaplanýar. Hytaý halkynda bolsa 2024-nji ýyl aždarha ýylydyr. Aždarhanyň şekili bolsa Seýit Jemaleddin metjidiniň girelgesiniň ýüzünde ýerleşdirilipdir. Bu getiren mysallarym Gahryman Serdarymyzyň ýaňy-ýakynda sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär.
Umuman, şu ýyl bizde luw ýyly, dostlukly hytaý halkynda aždarha ýyly bolansoň, gadymy Änew şäheriniň-de dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagy uly ähmiýete eýedir. Bu biziň halkymyzyň bütin dünýäniň halklary bilen bir hatarda, hytaý halky bilen hem has irki döwürlerden bäri ýakyn hyzmatdaşlygy, esasan-da, medeni gatnaşyklary saklandygyny görkezýär.
Hormatly adamlar!
Şeýle ýadygärliklerimiziň biri bolan Seýit Jemaleddin metjidi umumadamzat mirasynyň gymmatlyklarynyň hatarynda bolmak bilen, eldegrilmesiz hasaplanýar. Metjidiň golaýyndaky gymmatlyklaryň goralýandygy sebäpli, ol ýerde düýpli abatlaýyş işlerini geçirip bolmaýar. Munuň özi onuň asyl durkuny ýitirmezlik we geljek nesillere ýetirmek üçin örän möhümdir.
Eziz watandaşlar!
Eger makul bilseňiz, şu keramatly toprakda bina edilen täze metjidi ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi hormatlamak bilen, “Seýit Jemaleddin metjidi” diýip atlandyrsak diýýäris.
Hormatly adamlar!
Biz şu gün — mukaddes Remezan aýynda täze metjitde agzaçar sadakasyna gatnaşdyk. Ýagşy doga-dilegler edip, aýat okadyk. Goý, ähli dileglerimiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Eziz watandaşlar!
Täze Seýit Jemaleddin metjidi haýyrly işlerde halkymyza hyzmat etsin!

2024-03-29786