TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalaryň zehini, döredijilik ukyplary

Çagalaryň zehini, döredijilik ukyplary

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçildi.

Bu dabaranyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, olarda eserdeňligi, ünslüligi, duýgurlygy, ýatkeşligi kämilleşdirmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybarat. Bäsleşigiň şertine görä, oňa 4 — 11 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşdy. Olar surat çekmek we amaly haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşdiler.

Eminler toparynyň beren bahalaryna görä, bäsleşigiň baş baýragyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýew mynasyp boldy. Aýdym-saz we tans sungaty boýunça 1-nji orna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýew, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew, 3-nji orna Aşgabadyň halkara mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Awani Rawat, türkmen milli oýunlary ugry boýunça 1-nji orna Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şanur Berdiýew, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ybraýym Täşliýew, 3-nji orna Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Zeýnep Orazmyradowa, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ugry boýunça bolsa 1-nji orna Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Saparowa, 2-nji orna Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Häkim Haýýamyň bilim toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Feizi Helma, 3-nji orna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bagynyň orta toparynyň körpesi Osmanbeg Aşyrgeldiýew mynasyp bolmagy başardylar.

Bu günki gün gadymyýetden dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasy bilen uly bir şaýola öwrüldi. Şol jähetden geljegimiz bolan ýaş nesilleriň watançy ýaşlar bolup ýetişmegi, okap bilim almagy, döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ajaýyp şertleri döredilýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerimizi aýdýarys.

2025-04-0290