TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hoşniýetliligiň dabaralanmasy

Hoşniýetliligiň dabaralanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde mukaddes Gurban baýramy türkmen halkyna mahsus däp-dessurlar, agzybirlik, jebislik, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgeleri esasynda ruhubelentlik bilen garşylandy.

Şanly ýylda Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ak mermere bürenen täze öýlerinden täze jaýly bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ildeşlerimiz Gurban baýramyny maşgala abadançylygynda öz dogan-garyndaşlarydyr goňşy-golamlary bilen ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler edip garşyladylar. Ildeşlerimiziň şeýle bagtyýar pursatlaryny görüp, şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerinden häzirki günümizi arzuwlandygyna düşünýärsiň. Hakykatdan-da, bu döwür ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilen, ýolunyň şamçyrag mysaly nur saçýan, şu gününiň we geljeginiň rowaçlanýan, nesilleriň bagtly, erkana önüp ösýän döwrüdir.

Gurban baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde guralan giň toý meýdançasy köp adamly boldy. Bu ýerde şäheriň ýaşaýjylarynyň we çar künjekden gelen myhmanlaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşuly nesliň gatnaşmagynda belentden ýaňlanan baýramçylyk gutlaglary, göwün göteriji sözler dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýagşy arzuwlara beslenen dabarada aýdym-sazly çykyşlar, medeniýet, sungat ussatlarynyň beýik döwrümiziň, eşretli ýaşaýşyň waspyny ýetirýän baýramçylyk aýdymlary, öwüşgünli milli tanslar bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini göterdi. Toý meýdançasynda ak öýleriň, hiňňildikleriň hatar-hatar düzümi, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna görä, atarylan toý gazanlary, giňden ýazylan saçaklar, ýygnananlaryň şatlyk-şowhuny mukaddes baýramçylyga aýratyn bezeg berdi.

Gurban baýramy pederlerimiziň milli ýörelgeleri esasynda giňden bellenilip geçildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly çözgüdi bilen bu ýyl hem üç gün dynç güni diýlip bellenilip, halkyň gurbanlyk dessuryny berjaý etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu günlerde toý saçaklary naz-nygmatlar bilen bezelip, çar tarapdan myhmanlar garşylandy, bilelikde halkyň, ata Watanymyzyň asudalygy, bagtyýarlygy, mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin aýat-töwirler okaldy. Gurbanlyk maly soýlup, goňşy-golam, dogan-gardaş, dost-ýar, tanyş-biliş jem boldy, gurbanlyk sadakalary berildi.

2024-06-19363