TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna barýan taryhy günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda taryhy wakalara beslenýän bu toýly günlerde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasyny çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň medeni hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek beýgeltdi. Ýurdumyzyň agzalan hödürnamanyň utgaşdyryjysy bolup çykyş etmegi, hormatly Prezidentimiz, Siziň halkymyzyň maddy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan syýasatyňyzyň we daşary syýasat strategiýaňyzyň ajaýyp miwesi bolup dabaralanýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna hem-de bu guramanyň başga-da köp sanly konwensiýalaryna goşulmagy, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny tassyklamagy döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşlerine goşant goşmakda maksada okgunly işleriň çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi medeni hem-de tebigy mirasy goramak boýunça amala aşyrylýan işler üçin ýurdumyza berlen ýokary bahadyr.
Hormatly Arkadagly Serdarymyz!
2024-nji ýylyň türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Gadymy Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiň goşulmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň açylmagy bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Siziň baştutanlygyňyzda taryhy wakalara şaýat bolýan täze taryhy döwrümizde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen bu çözgütler Beýik Ýüpek ýolunyň geçen we dünýä medeniýetiniň çatrygy bolan taryhy-medeni ähmiýetli ýerleriň ebedileşdirilmeginde, olary dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň utgaşdyrmagynda hödürlenen hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2023-09-23375