TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ussada sarpa

Ussada sarpa

Her gezek Arkadag şäheriniň köçelerinden geçip barýarkam, «Sabyr Ataýewa köçesi» diýen ýazga gözüm düşende, Sabyr eje bilen bagly wakalar serime dolýar.

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda bize Sabyr eje bilen bir teatryň gapysyndan girip-çykmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda kyrk, kyrk bäş günläp döredijilik iş saparynda bolmak miýesser edipdi. Şol wagtky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Bir görlen tanyş» spektaklyny oba zähmetkeşlerine görkezýärdik. Baş keşpdäki Bossan ejäniň keşbini sahna ussadymyz Sabyr Ataýewa janlandyrýardy. Bu spektakl haýsy obada görkezilse-de, biz ony edil birinji gezek tomaşa edýän ýaly synlardyk. Bu ýagdaý diňe biz ýaşlar üçin şeýle däl, ol toparymyzyň ähli agzalary üçin hem şeýledi. Sabyr Ataýewa sahnada gürrüň berilýän wakanyň jümmüşinde ýaşaýardy. Şol durmuşa bizi hem, her bir tomaşaçyny hem ýany bilen alyp gidýärdi. Bizi ýüpsüzje baglap, sahna kökerýärdi. Bu, elbetde, Sabyr ejäniň uçursyz zehininden kemal tapýandygydy.

Biz — talyplar oňa hemişe «Sabyr eje» diýip ýüzlenerdik, kärdeşleri hem şeýledi. Sabyr Ataýewa teatrda biz üçin-ä dogrudanam ejemiz ýalydy. Şeýlekin tap biler ynsandy. Ýüzüňe seredip içiňi okap oturandyr.

1983-nji ýylyň tomsudy. Biz Ýolötendedik. Myhmanhananyň howlusyndaky baglaryň kölegesinde dynç alyp otyrdym. Kärdeşi Oguljeren Işangulyýewa bilen bazarlap gelýän Sabyr eje deňämde aýak çekdi. «Baýram jan, (pahyr hemişe «jan» diýip gürlärdi) näme keýpine otyrmyň, aç dag-a dälsiň sen?!» diýip ýüzlendi.

— Ýok, Sabyr eje, aj-a däl, ýöne, keýpine otyryn-da. Birsalym daşarda oturaýaýyn diýdim.

— Haý, diýseňem-ä — diýip, ýüzüme köpmanyly garady. — Hany, ýöre gapdalymdan.

Sabyr eje «ýoguma» bakmady. Oguljeren Işangulyýewa-da: «Indi bary bir sypdyrmaz, sen naharlam bolsaň yzyndan galma. Sabyr ejäň göwnüne geldimi, onuň diýenini edäýmelidir. Onda-da hökman» diýip, ýerimden turýançam ýanymdan aýrylman garaşyp durlar. Biz tirkeşip onuň bolýan otagyna bardyk. Görgüli, hamala meni ýitirip-tapan ýaly, hezzetledi. Işdäm bolmasa-da, her hili gürrüňler tapyp, meni naharlanar ýaly etdi. Soňam bolýan otagyna günde gelip durmagymy ene mähri bilen sargady. Ýygralygym üçinmi, nämemi, ilki utandym. Ýöne näme, eneň ýaly adam şeý diýip dursa barmasaňam gelşiksiz.

Adamkärçiligiň oňat sypatlaryny özünde jemleýän mährem ene, zehini daş ýaran artist Sabyr Ataýewa şeýle adamdy. Onuň ýüreginiň päkligini, durmuşa, ýaşaýşa, sungata bolan joşgunly ylhamyny döreden keşplerine syn edeniňde-de görmek bolýardy. Ady türkmen teatr hem kino sungatynyň taryhyndan öçmejek, Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewa meniň kalbymda şeýle ynsan bolup galypdy.

2025-10-1515