
Şükür bagşydan gaýdýan akaba
Şükür bagşy Dowat oglunyň özüniň manyly ömrüni türkmen halk saz sungatyna bagyşlan ussatlygy hemmä mälim. Bu sazandanyň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen bilelikde şägirt ýetişdirip, halypa bolandygy hakda hem maglumatlar bar. Şükür bagşynyň şägirtlerinden biri Çary çepbe Allaýar ogludyr.
Gürrüňi ediljek bagşy bilen dahylly sözi türkmen halk saz sungatynyň taryhy üçin bimöçber bahaly çeşme W.Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň 2 jiltden ybarat bolan «Türkmen sazy» kitabyndan başlansa, maksadalaýyk bolar.
Bu kitabyň 2-nji jildinde türkmen halkynyň 250-den gowrak bagşy-sazandalary, olaryň nirede doglandygy we halypalary barada maglumatlar bar. Şonda Çary bagşy hakda: «1831-nji ýylda Duşakda doglan Şükür bagşy Çary bagşynyň halypasy», ýene-de bir ýerinde: «Şükür bagşydan tälim alan Çary bagşy Baýramaly Şeripaly oglunyň halypasy we agasy» (ol rus dilinde «дядя» diýip görkezilipdir — Ç. J). Şeýle-de ýene bir maglumat: «Alililerden Baýramaly Şeripaly ogly 1887-nji ýylda doglan. Ol agasy Çary bagşydan tälim alypdyr» diýen ýazgylar bar.
Belläp geçsek, Baýramaly Şeripaly ogly Türkmenistanyň halk artisti Ene Allanowanyň kakasy we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, kakaly gyjakçy Meret Nuryýewiň daýysydyr. Ýeri gelende aýtsak, ylmy işimiz üçin Baýramaly bagşynyň 1947-nji ýylyň 4-nji dekabrynda doglan gyz agtygy Annadursun Altyýewadan hem birnäçe maglumatlar almak miýesser edipdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz etnografik otagynda» ýokarda ady agzalan gyjakçy M.Nuryýewiň gürrüňleriniň mehaniki ýazgysy saklanýar. Ol gürrüňler 1986-njy ýylda belli mirasgär, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Allaberdi Oraztaganow tarapyndan ýazga geçirilipdir. M.Nuryýew öz gürrüňinde Çary bagşydan tälim alan şägirtleri hökmünde Magtymguly Garlyny, Baýramaly Şeripaly ogluny, Gylyçanna Aly bagşy ogluny we Myrat atly bir bagşynyň atlaryny agzapdyr.
Çary çepbe barada ygtybarly maglumatlaryň biri hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň arhiwinde saklanýan 1787 «E» belgili bukjadyr. Bu bukjada mirasgär alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kakaly Berkeliýewiň halk arasyndan toplan maglumatlarynyň elýazma nusgasy saklanýar. Şonda biz üçin möhüm bolan Çary çepbäniň dördünji ogly bagşy Çarwa Çaryýewiň aýdan maglumatlary bar.
Çarwanyň berýän maglumatyna görä, onuň kakasy öz döwrüniň görnükli sazandalaryndan bolupdyr. Çary çepbäniň halypasy Ýegenoraz bagşy, çalýan sazlary hem onuň ugrundan bolupdyr. Ol 1918-1919-njy ýyllarda 74 ýaşynda aradan çykypdyr. Diýmek, bagşy Çary çepbe, takmynan, 1845-1846-njy ýyllarda dünýä inen we Şükür bagşydan, takmynan, 10 ýaş töweregi kiçi bolýar. Gylyçannanyň, Myradyň, Daňataryň (Çary bagşynyň bu ogly 1948-nji ýylda ýertitremede wepat bolupdyr), şeýle-de Magtymguly Garlyýewiň öz kakasyndan tälim alandygy baradaky maglumaty Çarwa bagşy hem aýdan ekeni.
Başga-da bar bolan maglumatlara salgylansak, Çary bagşynyň «çepbe» lakamyny dutary çepbekeý çalýandygy üçin alandygy, onuň 5 oglan doganyň biridigi, özüniň hem Oraz, Tahyr, Daňatar, Çarwa we Bäşim atly ogullary hem-de Enegül, Meretgül, Mamagül we Zöhre atly gyzlary bar eken.