
Arkadagdyr
Watanymyz Türkmenistan,
Garaşsyz hem Bitarapdyr.
Asudadyr mawy asman,
Buýsanjymyz Arkadagdyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýip,
Dost-dogana sarpa goýup,
Işler edýän beýik-beýik,
Ýörelgeli Arkadagdyr.
Şan-şöhratly menzil geçen,
Geljegmize ak ýol açan,
Asudalyk ýolun seçen,
Dana alym Arkadagdyr.
Ilim abat, ýurt abadan
Ýaşasyň gelýä ýaňadan,
Türkmeni dünýä tanadan,
Watanperwer Arkadagdyr.
Bagyşlan ajap zamany,
Halkyň Gerçek Gahrymany,
Hakyň halan mähribany,
Göreldämiz Arkadagdyr.
Rahman DÖWLETOW.
* * *
Watan buýsanjy
Watan, sarpaň diýseň belent,
Başymyza buýsanç berýäň.
Adamlara bardyr hormat,
Ganatly deý uçup barýan:
Bitaraplyk — batly gadam —
Il parahat, ýurt abadan!
Watan, başa buýsanç berdiň.
Türkmenleriň ýüzi ýagty.
Gül gujagyň eşretlidir,
Berkararlyk berdi bagty:
Watan, sen şeýle owadan,
Ýurt Bitarap, il abadan!
Allaberdi PAŞŞYKOW.
* * *
Nurly şäher
Säherleri salamatdyr,
Bu bir bagtdan alamatdyr,
Ak geljege dowamatdyr,
Nurly şäherim Arkadag.
Keşbiňde giden pelsepe,
Şatlyk paýlaýaň her kese,
Öwrülýärsiň üns merkeze,
Nurly şäherim Arkadag.
Tebigatyň çogy başga,
Sende günleň çagy başga,
Ýürekleri salyp yşka,
Nurly şäherim Arkadag.
Ulus-iliň ykbalynda,
Arkadagyň yhlasyndan,
Bütin dünýäň ykrarynda,
Nurly şäherim Arkadag.
Arkadagly Serdar bilen,
Parasatly merdan bilen,
Bagty buşlap döwlet gelen,
Nurly şäherim Arkadag.
Selimberdi ESENBERDIÝEW.







