TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Tämizleýji tehnika

Tämizleýji tehnika

Arkadag şäherinde hyzmat edýän tehnikalaryň biri bolan «Schmidt SWINGO 200» kysymly ulag şäheriň köçelerinde arassaçylygy üpjün etmekde we arassa ekologiýa gurşawyny goramakda döwrebap çözgütdir.

Bu ulag ýapyk meýdançalary we ýol üstlerini arassalamak üçin ulanylýar. Onda ykjam tozan sorujy hem-de wakuum görnüşli süpürijiler tozany ýatyrmak bilen, ýokary hilli çygly arassalaýşy üpjün edýär. Uly suw hem-de galyndylary saklaýjy gaplary tehnikanyň uzak wagtlap işlemeginde ähmiýetlidir. Ulagyň polipropilen gabykly iki sany arassalaýjy çotgasy bar. Şeýle-de disk görnüşli süpüriji çotgalar oturdylypdyr. Olary saýlamak arassalaýyş şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Zir-zibil aýryjy bu ulagyň ini 1,08, uzynlygy 3,6 metr, motory dizel görnüşli, tizligi sagatda 25 kilometr bolup, kuwwaty 79 at güýjüne eýedir. Arassalaýan meýdanynyň ini 1,118 metrden 2,261 metre çenli, süpürgiçleri nemlendirmek üçin göwrümi 150 litr, süpürmek üçin 0,85 kub metr bunkeri bar. Ýangyç guýujy bagynyň göwrümi bolsa 60 litre deňdir.

Bu arassalaýjy ulag birnäçe tehniki hyzmat ediş aýratynlyklaryna eýe. Ýagny onuň enjamlaşdyrylyşyna süpürgiji dolandyryjy, howa çalşygy, kabinany ýylatmak, süpürgiç gurnamalaryna garaşsyz gözegçilik etmek, ýokarky yşyklandyryş çyralary, yza hereketde duýduryjy ses, köp funksiýaly displeý, Günden goraýjy gurluş (telär, gaş), ýalpyldawuk maýak, öňki we yzky oklarynda gidropnewmatik çeşmeler, sürüjiniň oturgyjy, ýuwujy ulgam, aýna arassalaýjy, yzky ok dolandyryjysynyň (24 gradus) we öňki ok dolandyryjysynyň (48 dereje) dolandyrylyşy, konteýneriň düşürilişine aralykdan gözegçilik etmek we beýlekiler girýär.

Bu tehnika şäheriň arassaçylygynda, häzirki zaman ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda tehnologik ösüşler has netijeli we ekologiýa taýdan arassa çözgütleri döretmäge itergi berýär. «Schmidt SWINGO 200» ulagy ýokary öndürijilik we çeýeligi birleşdirýän innowasion dizaýna eýe. Onuň kiçi göwrümliligi dar köçelerde we pyýada zolaklarynda aňsatlyk bilen hereket etmäge mümkinçilik berýär. Güýçli süpürme ulgamy, dürli görnüşdäki galyndylary, şol sanda ownuk tozany we iri bölek zyňyndylary netijeli ýygnaýar.

Ulag zyýanly gazlaryň täsirini peseldýän döwrebap hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Suw tygşytlaýjy ulgam serişdeleriň rejeli ulanylmagyny üpjün edýär. Täze tehnika şäher arassaçylygynda öňdebaryjy çözgütleri hödürleýär. Ýokary öndürijiligi, ekologiýa taýdan arassalygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

2025-06-18150