TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Döwrebaplygyň nusgasy

Döwrebaplygyň nusgasy

Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, köpsanly ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyna, «akylly» öý tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.

2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy we irginsiz tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň toplumlaýyn gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň örän uly ykdysady mümkinçilige eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär».

Arkadag şäheriniň tapgyrlaýyn gurluşygynyň innowasion taslamalary dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlan we ikinji tapgyrda gurulýan ähli binalardyr desgalaryň, ilata hödürlenilýän hyzmatlarynyň ekologik derejesiniň häzirki zamanyň ýokary binagärlik we gurluşyk talaplaryna hem-de halkara tejribelerine laýyk gelmegi bolsa esasy maksat bolup galýar. Munuň özi şäheriň abadançylyk we arassaçylyk ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Döwletimizde gurulýan durmuş we ykdysady maksatly desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda biziň ýaş mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň aýratyn orny bardyr. Has takygy, Arkadag şäheriniň gurluşygy biziň ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary üçin nazaryýetde alan bilimlerini gurluşyk amalyýeti bilen utgaşdyryp, has-da kämilleşmegiň özboluşly mekdebi boldy. Hususan-da, onlarça ýaşaýyş jaýlaryna «akylly» öý, döwlet maksatly binalar we hyzmatlar gulluklary üçin döwrebap ulgamlary ýola goýmak ugrunda tutumly çäreleriň çäginde bilim ulgamynyň sanly çözgütlerini durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyryldy.

2025-10-1518