TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gahryman Arkadagymyz Palestina Döwletiniň Daşary işler minis...

Gahryman Arkadagymyz Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki bilen duşuşdy. 
Türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman döwletlerimiziň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. 
Uzakmöhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýol goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Nebit-himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportuna, sanly tehnologiýalara  geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.

2023-08-24576