
Bosagada — ýokary derejeli maslahat
Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýar. Ýurdumyzda BMG tarapyndan atlandyrylan üstümizdäki ýylyň adyndaky «halkara» sözine muwapyk dünýä dahylly möhüm çäreleriň geçirilmegi hem ýylymyza şan berýän wakalardyr. Şeýle ýylda bellenilýän baýramçylyklardyr halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýan, jebisleşdirýän wakalar diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde däl-de, dünýäde dabaralandyrylýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary alnyp barylýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda iş saparynda wagty guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Bu halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlary milli myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda garşylamaga, olaryň maslahata gatnaşýan döwründe boljak myhmanhanalarynyň bezeg aýratynlygy hem-de köçelerdir binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça hem Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny berdi. Bu bolsa halkymyzyň «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni — Hydyr bil» diýen sözüniň nobatdaky şöhlelenmesi.
Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty her 10 ýylda bir gezek geçirilýär. Bu halkara maslahatyň birinjisi 2003-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-yna Gazagystanyň Almaty şäherinde, ikinji maslahaty bolsa 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilipdi.
Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, 5-nji awgustda günüň birinji ýarymynda forumyň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara maslahatyň çäklerinde Günorta — Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, arabaglanyşyk çäresini, zenan ýolbaşçylaryň forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, tematik sergileri we beýleki ugurdaş çäreleriň birnäçesi ýokary guramaçylykly geçiriler. Bu halkara maslahatyň çäklerinde ýokary derejedäki «tegelek stollary» geçirmek hem meýilleşdirilýär. Olarda boljak gürrüňdeşlikler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gülläp ösmeginde düzümleýin özgerişleriň, diwersifikasiýanyň, ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ähmiýetine, söwda we sebitara hyzmatdaşlyga, howanyň üýtgemeginiň hem-de tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerine garşy göreşmegiň ýollaryna, durnukly ulag ulgamlarynyň döredilmegine, mümkinçilikleriň işjeňleşdirilmegine we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanar. Bu bolsa döwlet syýasatyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda alyp barýan eziz Watanymyzyň abraý-mertebesine-de, maksat-myradyna-da laýyk gelýär.