
BMG-niň Awazadaky forumy şanly ýylda taryhy waka
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Guramaçylyk döwlet toparynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.
9-njy iýulda ir säher bilen Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine geldi. Kongresler merkeziniň ýanyna gelip, binanyň daş keşbini synlady, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. Halkara forumyň geçiriljek günlerinde bu merkeziň binasynda hem birnäçe ähmiýetli çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Çünki toplumda dürli derejedäki halkara çäreleri guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny, şoňa görä, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz gämä münüp, deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Soňra Gahryman Arkadagymyz halkara maslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiziň garamagyna Awazanyň medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen merkeziniň abatlaýyş işlerine degişli şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Awazanyň gözel künjeginde ýerleşýän käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşlykda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde boljak myhmanlaryň türkmen halkynyň milli däpleri esasynda garşylanylmalydygyny, olar üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmelidigini belledi.
Şypaly künjek iri çäreleriň mekany
13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz welosipedde gidip barşyna, jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady. Häzirki döwürde bu künjek tutuş dünýä ähmiýetli meseleleri esasy ugur edinýän halkara maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýylyň awgustynda Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem şolaryň biridir.
Taýýarlyga bagyşlanan maslahat
Şol gün Milli Liderimiz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi. Maslahaty üstünlikli geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmeginiň zerurdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, halkara maslahaty giňden beýan etmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem maslahat tamamlanandan soňra, halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.