
Juwan şäherde ýaşlaryň owazy
12-nji iýulda Arkadag şäheriniň «Oguz han» seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyrynyň çekeleşikli boljagy turuwbaşdan mälim boldy. Onda jemi on sany ýaş aýdymçy çykyş etdi. Şolaryň bäşisi adalatly emin agzalarynyň 70 balyny gazanmagy başardy. Adatça, bu tapgyrda iki sany ýaş zehine bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýär. Şeýlelikde, bäş sany öňe saýlanan aýdymçylara janly sesde aýdymdan bir bölek ýerine ýetirmek şertini berdiler.
Hemişelik Bitaraplygy-myzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ýurdu-myzda birnäçe halkara derejede üstünlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikleri wasp etmek, elbetde, mede-niýet we sungat adamla-rynyň paýyna düşýär. Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýaş wekilleriniň hem öz döreden sungat eserleri bilen halkymyza hyzmat etmegi üçin şertler döredilen.
Netijede, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Perhat Esenow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Gurbangözel Gurbanmyradowa eminler tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edildi.
«Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynyň ýeňijilerine bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.