
Täze hasyldan datly nygmatlar
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillere ullakan goldaw edýändigini biz her ädimde duýup ýaşaýarys. Ynha, 2025-nji ýylyň täze bugdaý hasylyndan Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýän çagalara çörek önümleriniň, miwe we bakja nygmatlarynyň gowşurylmagy munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmen halky hemişe-de sogaply işleri nusgalyk derejede ösdürip, nesillere ýagşy görelde görkezip gelipdir. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen döwlet syýasatymyzyň süňňüne ornaşandyr. Şol jähetden sogaply işlere aýratyn ähmiýet berilýän Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan howandarlyga mätäç çagalara baýramçylyklardyr belli senelerde sowgatlar gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. Bu gezek gowşurylan çörek önümleri, miwe we bakja nygmatlary hem ýaş nesillerimiziň başyny gök diretdi. Çünki arkaňda dag ýaly döwletimiziň, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň bardygyny duýup ýaşamak egsilmez buýsanç bagyşlaýar.
Türkmen topragy bereketli toprak. Munda önýän önümler saçaklarymyzy süýji nygmatlar, ak bazarlarymyzy bolçulykdan doldurýar. Babadaýhanlarymyzyň maňlaý deri bilen ýetişdirilen bol hasyly — halkymyzyň rysgal-berekedi, toý saçaklarymyzyň bezegi. Bereketli ak bugdaýymyzy ýygnamak bolsa daýhanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Gadymdan gelýän atalar sözleri, nakyllar, aýtgylarda aýdylyşy ýaly: «Daýhandan hereket — ýerden bereket». Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.
Ýene bir aýratyn bellenmeli zat bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara derejede alyp barýan işiniň üstünliklere beslenmegidir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yza galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin güwänamanyň berilmegi aýdanlarymyzyň subutnamasydyr.
Ýaş nesil iberilen sowgatlary uly begenç, buýsanç bilen kabul edip Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini goşgudyr aýdym setirleri bilen beýan etdiler. Çagalaryň şatlygy, begenji olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.