
Alty aýyň jemlerine garaldy
Ýakynda Arkadag şäheriniň häkimliginde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda «akylly» şäheriň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary şanly ýylyň alty aýynda alnyp barlan işler boýunça hasabat bilen çykyş etdiler. Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy barada buýsanç bilen bellenilip geçildi. Olaryň tehniki aýratynlyklaryna ýokary baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Bular dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Ýanwar — iýun aýlarynyň dowamynda «akylly» şäheriň medeniýet, sungat, bilim, sport, saglyk ulgamlarynda we beýleki düzümlerinde dürli möçberdäki duşuşyklar, maslahatlar, ýaryşlar geçirildi. Bu çäreler diňe bir şäher derejesinde däl, eýsem, halkara derejede giňden ýaýbaňlandyryldy. Ildeşlerimiziň ýüzlerçesi milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýän şanly baýramçylyklarymyz mynasybetli Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýli boldular. Aşgabat şäheriniň 65 gektar ýeriniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirilmegi, Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň «akylly» şäheriň ekologik taýdan arassalygy üçin Üstünlik güwänamasy gowşurylmagy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli çäreleriň geçirilmegi, «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň 5G tehnologiýasynyň işine pata bermegi ýylyň üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.
Maslahatyň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşynyň, nurana geljeginiň alamatyna öwrülen Arkadag şäherini bina eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.