
Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany:
— Edil biziň her birimiziň köňlümizde, kalbymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň orun alşy ýaly, bu Uly Ýürekde biziň her birimiz bar. Sebäbi Beýik Ogluň her bir ädiminde, meýlinde, çözgüdinde ynsan barada alada bar. Il bähbidini ilerletmek bar. Şu zeýilli ýagşy işlere ynsanperwerlik, ynsanlara bolsa ynsanperwer diýilýär. Hemişe ýaňlandyrýan owazymy gaýtalasam, Gahryman Arkadagymyz dünýäniň iň beýik Ynsanperwer Ynsanydyr!
Ýagşy işler — ömrüň bezegi. Dünýäniň düzüwligini, adamzadyň abadanlygyny saklaýan gymmatlyk ol. Milli Liderimiziň her pursatda amal edýän ynsanperwerlige ýugrulan ýagşy işlerine mysaly gündelik durmuşymyzdan näçe alsaň alybermeli. Halkyň erk-islegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu işleriň Arşa ýeten iň ýokary derejesi. Milli Liderimiziň sahawaty netijesinde, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, gör, näçe çaga ýaşaýşa bolan umyt aldy, durmuşa täzeden gadam basdy.
Ugran ýoly oň bolýan, nura dolýan mähriban Arkadagymyza aýdylýan alkyşlar, hoşallyklar hiç haçan soňlanmaz. Olar şelpeli şygyrlar bolup ýaňlanar, şirin mukam bolup owazlanar.
Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary:
— Ynsanperwerlik — parahatçylygyň we ynanyşmak ýörelgeleriniň ygtybarlylygyny üpjün edýän iň möhüm şertleriň biridir. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň örki ynsanlaryň saglygydyr. «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr».
Bu mukaddes taglymat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany öňe sürüp ygtybarly ösdürýän kalby sahawatly Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar nesillerimiziň saglygyny goramak babatynda hakyky iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýan boýdan-başa haýyr-sahawata ýugrulan ynsanperwer ýörelgeleriniň özenidir.
Ýurdumyzda dört ýyl mundan ozal Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ilkinji haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe süren hem hut Milli Liderimizdir. Uly iliň goldawy we ynamy bilen bu gazna howandarlyga mätäç çagalaryň hak hossary Milli Liderimiziň adynyň dakylmagy, şu gysga möhletde ene-atasyndan mahrum bolan, lukman ýardamyna mätäç müňlerçe çagalaryň saglygyny gaznanyň hasabyna dikeltmek, bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm taslamalar ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny doly açyp görkezdi.
Gahryman we lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr!».