
TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: giň gerimli gatnaşyklar
7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan, dostluk we ynanyşmak esasynda alnyp barylýan ýokary derejeli gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyga yzygiderli itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Prezident Ilham Aliýew bilen üçünji gezek duşuşýandygyny, 16-17-nji iýulda Azerbaýjana bolan saparynyň, 22-nji awgustda Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugta binýady döredildi. Häzirki wagtda doganlyk gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi we ýakyndygy aýdyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Prezident Ilham Aliýewi oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.