TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gurmak, döretmek sungaty

Gurmak, döretmek sungaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligi munuň aýdyň güwäsidir. Abraýly halkara guramalar, iri kompaniýalar bilen netijeli dialogyň, köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeldip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan şeýle üstünlikler her bir raýatymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly taglymaty dünýäde uly goldawa eýe bolup, halkara guramalar, iri kompaniýalar bilen umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan, dünýäniň parahatçylygyny, ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ygtybarly hyzmatdaşlyklarda aýdyň ýüze çykýar. Munuň özi halkymyzyň we adamzadyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem-de «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşmagy hem bu bellenenleriň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasa, pederlerimiziň mirasyna esaslanýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, deňhukukly gatnaşyklar halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşini, parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan bina edilen sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri hem şeýle asylly ýörelgelere, parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetlilige eýerýän Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan ösüşli ýollaryny dünýä äşgär edýän halkyň buýsanjydyr.

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi parahatçylyk bilen berk baglanyşykly bolup, ol umumadamzadyň asylly ýörelgelerini açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň baý syýasy tejribesi Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän iri taslamalary dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly-doganlykly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde esas bolup çykyş edýär. Halkara guramalary, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň halkara abraý-mertebesiniň ýokarlanmagynda we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda alyp barýan beýik işlerine ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara hyzmatdaşlygynda gazanan ýokary üstünlikleriniň Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni baştutanlygynda durmuşa geçirilendigi örän buýsançlydyr. Bu beýik işler halkymyzyň bagtyýarlygy, halklaryň dost-doganlykly gatnaşyklary, dünýäniň parahatçylygy ugrunda möhüm ädimlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýä nusgalyk işleri ösüşiň we parahatçylygyň taglymatydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň, egsilmez yhlasynyň, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsiniň nyşany bolan Arkadag şäheri ýokarda bellenenleriň aýdyň güwäsi bolup durýar. Täze şäherde täze durmuş, asudalyk, bagtyýarlyk, abadançylyk gülläp joşýar.

2025-10-08234