TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Saglyk» döwlet maksatnamasy: baş baýlygyň binýady

«Saglyk» döwlet maksatnamasy: baş baýlygyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmekden, 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň raýatlary üçin meýletin döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasyny girizmekden, keselleriň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri geçirmekden, ilaty elýeter, oňat hilli we ýokary derejeli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmekden, ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň ýaýramazlygy boýunça abadançylygy üpjün etmekden we daşky gurşawy goramakdan, ilata maşgala ýörelgesi boýunça saglygy goraýyş hyzmatyny etmeklige geçmeklikden, saglygy goraýşy maliýeleşdirmekligi özgertmekden, saglygy goraýşyň ilkinji basgançagyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Näsag orunlaryny rejeli peýdalanmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmagy, ýuridik taraplaryň hem raýatlaryň saglygy goraýyş we dermançylyk işiniň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmaklygy girizmegi, saglygy goraýşyň hususy ulgamyny ösdürmegi, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmegi we derman serişdelerini öndürmekligi artdyrmaklygy, hünärmenleri taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň hilini gowulandyrmagy, saglygy goraýyş ylmyny hem-de amaly işlerini utgaşdyrmagy maksat edinýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy ornaşdyrylyp, oňa goşulan raýatlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ykdysady taýdan elýeterlidiginiň güwäsidir. Milli şypahana we derman senagaty ulgamlary döredildi. Daşary ýurtlardan getirilýän derman we beýleki degişli serişdeleriň öwezini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup işe girizildi. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň kesgitli bölegini daşary ýurtlara çykarmak babatda-da degişli işler alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde, «Türkmendermansenagat» birleşigi halkymyzy we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda döredildi. Häzir birleşigiň düzüminde «Saglyk», «Tenekar» derman kärhanalary, bilelikdäki «Türkmen derman Ajanta Farma Limited» kärhanasy, S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy, Ýod önümçilik kärhanasy, «Berzeňňi» bejeriş mineral suw kärhanasy, bejeriji palçyklar we deňiz duzy gaplanylýan, zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini, zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanalar bolup, olarda önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, lukmançylyk edaralaryna zerur bolan serişdeleriň ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde, ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan netijeli işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda dürli doga kemisliklerinden ejir çekýän çagajyklaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 4 ýylyň dowamynda asyrlara barabar netijeli işleri ýerine ýetirip, 700-den gowrak çaganyň ömrüne nur çaýyp, bagtyýar durmuşyny gaýtaryp berdi. Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda hem gaznanyň işini halkara derejelere çykarmak ugrunda netijeli yzygiderli işler ylmy taýdan esaslandyrylyp alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, wise-prezident Oguljahan Atabaýewa öz işine başlan gününden bäri lukman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, adaty dikeldiş bejergiler bilen bilelikde ýurdumyzda ilkinji gezek tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýany lukmançylyk amalyna ornaşdyrdy, artterapiýa we animaloterapiýa netijeli ulanylýar. Bu dikeldiş bejergiler az salymda öz netijeliligini subut edip, bejergi alan çagajyklaryň ömrüne nur çaýdy.

2025-10-0835