TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Zamanamyzyň ýagşylyk kerweniniň kerwenbaşysy

Zamanamyzyň ýagşylyk kerweniniň kerwenbaşysy

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz tarapyndan dostlukly halklara yzygiderli ynsanperwer kömekleriň edilýändigini öz çykyşlarynda belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýyl «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysynyň sowallaryna beren jogaplarynda-da türkmeniň asylly ýörelgelerine juda laýyk, mynasyp jümleler bar. Bu ugurda lukman Arkadagymyzyň hut özüniň nusgalyk işleri amala aşyryp, sahawatlylygy bilen ynsanlaryň ýüregine melhem bolýandygy halkymyzy buýsandyrýar.

«Bezeýär uly dünýäni ýaz ýaly ýagşy adamlar»

Ýagşy ynsanlar hakynda gürrüň etmek hem kalbyňy nurlandyrýar, dünýäňi bezeýär. «Dünýäni içindäki adamkärçiligi ýaşadýan ýagşy adamlar halas eder» diýip, bir aýdylan jümle bar. Adamkärçilik — ýagşy ynsanlaryň köňül gözgüsi. Ýagşy ynsanlar bolsa adamkärçiligiň göze görünýän keşbidir. Şonuň üçin belent adamkärçilikli şahsyýeti tanamak ýagşylygy tanamakdyr diýsek ýalňyş bolmaz.

Könelerimiz taňryýalkasyny köşekli-düýä barabar hasaplapdyrlar. Ýagşylyk eden adama hoşallyk bildirilip aýdylýan bu alkyşly sözüň güýji düýe maly, ýagny, dünýe maly bilen des-deň görlüpdir. Il-halkyň, bütin adamzadyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda eden we edýän tagallalary üçin köňül dilinde aýdylýan alkyşlar zamanamyzyň ýagşylyk kerweniniň Kerwenbaşysy — türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýagşylyk kerwenini uzaldýar. Şeýle uzyn kerweniň içinde dostlukly halklara edilýän ynsanperwer kömekleriň nepini gören ýürekleriň hem taňryýalkasyny bar.

Ýagşylyk etmek — ömrüňe gül ekmek. Ömür menzillerimizde güllejek gülleriň ýagşylyk kerweniniň ýoluna düşeljekdigi ikuçsuz.

«Ýaşasyn parahat durmuş!»

Gahryman Arkadagymyzyň şahyr ýüreginden ýüreklere ýol salýan şygyrlarynyň her biriniň içinden ynsanyýet hakyna edilýän aladalar, ynsanperwerligiň özenini düzýän pikirler eriş-argaç bolup geçýär:

Ýalňyşlary düzedeliň,
Sylalyň birek-biregi!
Ýamanlykdan ýüz öwreliň,
Ynamdyr dünýäň diregi!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygrynda gojaman dünýäniň direginiň ynamdygy nygtalýar. Haçanda ynam göwünden suw içende dünýäniň — parahatlyk bägülleriniň gültäçleri özüniň ýakymly ysyny Ýer ýüzüne ýaýradýar.

Ynam — göwne ganat. Parahatlyk şol ganaty göterýän ak kepderi. Ynam ganat kakanda parahatlyk göge galýar. Şonuň üçinem parahatlyk berk ynamyň ýaşaýan ýerinden — ojakdan başlanýar. Eger saçaklarda çörek bar bolsa, ojaklarda ot bar bolsa, ýüregi imisala urýan eneleriň gujagynda bäbek bar bolsa, onda biz arkaýyn şol ýurt parahatdyr diýip bilýäris. Maşgalaň agzybir, töwerek-daşyň bagtyýar bolsa abadanlygam bolýar, rysgal-döwletem.

«Ýagşy oguldan rehnet arygy akar»

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy — namut ýürekleriň umyt dergähi. Onda arzuwlaryň gunçasyny açyp, tukat dideleri nurlandyryp, myradyna gowşan çagalaryň gülki seslerini ýaňlandyryp bilýän güýç bar. Çünki ol döwrümiziň Beýik Şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazna.

Göwün giň bolanda oňa dünýäniň aladasy sygýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaly ýüregi — ýagşylyklaryň saraýy. Ol ýerde adamzat kowmunyň şu gününiň, ertirleriniň aýdyň bolmagy üçin edilýän dilegler bar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky mähriban käbesi Ogulabat ejäniň: «Kakaňa hormat etjek bolsaň, halkyňa şepagat et! Sen döwrüň Hak nazarly perzendisiň! Şonuň üçinem, Magtymguly atamyzyň: «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar» diýşi ýaly, halkyň ykbalyna sahawat arygyny, hümmet derýasyny akdyr! Iliňi agzybir, ýurduňy parahat sakla!» diýen sözleri köňüllere nuruny saçýar. Şeýle nuranalyk bolsa ýüzlere sylynýan mukaddeslikdir!

2025-10-0839