
Sahawat — sogap
Ynsan kowumynyň birnäçesi hossarlyk hemaýata, birnäçesi duýgudaşlyk bildirilip aýdylan ýagşy söze, birnäçesi bolsa sahawatly uzadylan gollara mätäç. Şeýle ynsanperwer hemaýatlar hemişe adamlaryň kalplaryna giňlik berýär, olaryň ýüreklerini ýumşadýar. Şu berkarar Watanda türkmeniň sahawatly, ynsanperwer ýörelgeleri hemişe iş ýüzünde amal edilýär.
Öňräk «Arkadag» teleýaýlymyna seredip otyrkam, gepleşigi alyp baryjy Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýew bilen gepleşik taýýarlandygyny mälim etdi.
Ekranda Halylmyrat jigimiz peýda boldy. Ol Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasaty esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny dikeldip ýören çagalaryň biri eken. Şonda Halylmyrat jigimiziň hormatly Arkadagymyza çaga ýüreginden aýdan alkyşly sözlerini, ýerine ýetirip beren hoş owazly aýdymlaryny diňläp, dogrusy, özümiň-ä guwanjymdan gözüme ýaş aýlandy.
Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Hudaýa, ata-enä, Watana hyzmat eden adamlaryň owal-ahyr bagtly bolýandygy hakynda aýratyn nygtalyp geçilýär. Men bu hikmetli sözleri näme üçin dile getirdim?! Şu üç mukaddeslige gulluk edilýän ýurtda — Türkmenistan Diýarymyzda ähli ýaşdaky raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilýändigini tekrarlamak üçin ýatladym.
Aslynda, sahawatlylyk, döwletlilik ýörelgeleri türkmen halkynyň zandynda bar: iki köşekli düýesi bolan kişi birini goňşusyna sagynlyk berer. Onuň üçin zat hantamaçylygy-da bolmaz.
Takwa ýaşulularymyz: «Ýaradan ýagşylyk edene bir sogap ýazarmyş» diýip aýdýarlar. Şu sözlerden çen tutsaň, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz soňsuz sogaplaryň eýeleridir.