TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Lukmançylyk klasteri: bagtyýar, sagdyn geljek üçin

Lukmançylyk klasteri: bagtyýar, sagdyn geljek üçin

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan:
— Ylmy taýdan esaslandyrylan saglyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy hem-de Türkmenistan onlarça halkara güwänamalara mynasyp boldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bagtyýar, sagdyn geljegimize gönükdirilendir. Biz geljekde-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegi we kämilleşdirmegi dowam etdireris.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň täze taryhyna beýik işler, belent sepgitler, ösüş-özgerişler, şanly wakalar bilen ýazylýar. Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talabyna doly laýyk gelýänligi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu önümleriň diňe bir ýurdumyzda däl-de dünýä döwletlerinde hem islegli harytlaryň hataryna girdi. Bu bolsa kärhananyň işiniň üstünliklere, rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleri hil taýdan tapawutlanýar. Ilatyň sagdyn geljegine gönükdirilen kärhanada öndürilýän önümleriň ýerli çig mallardan taýýarlanylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň halkara baýraga mynasyp bolmagy saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.

Belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berlipdi. Bu güwänama «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Kärhananyň öndürýän önümleri hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri ýokary talaplara laýyk gelýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şol döwletli maslahatda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, başgaplaryň, aýakgap we agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýdyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, kärhananyň ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhana tarapyndan 6 aýlykdan ýokary bolan çagalar üçin niýetlenen süýt garyndyly goşmaça iýmitleriň tüwüli, tüwi-bananly, hemenek ýarmaly, ary bally görnüşleriniň hem halk köpçüligine ýetirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini bermegiň innowasion usuly bolup, ol lukmançylyk ugurly beýleki desgalardan we hassahanalardan tapawutlanýar. Ol bir-birine ýakyn aralykda ýerleşen, dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumyny emele getirýär. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenilendir.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek barada maslahat beriş hyzmatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmekde maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýerine ýetirýär. Gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli güwänamalaşdyrma işleri geçirildi. Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler ýurdumyzy doly derejede üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň kesgitli bölegi daşary ýurtlara, hususan-da, goňşy ýurtlara çykarmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň gündelik sarp ediş hem saglyk maksatly serişdelerine bolan zerurlyklary «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň kesgitli bölegi bilen üpjün edilmegi toplumyň işiniň ileridiginden habar berýär.

Ýurdumyzda şeýle kärhananyň bolmagy we onuň önümleriniň ýokary hilliligi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň röwşen geljegi baradaky aladalarynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegidir. Lukman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde köpugurly hassahananyň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolmagy biziň toý joşgunymyzy has-da artdyrdy.

2025-10-0834