TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde birinji ýurt hökmünde Milli pawilýony üçin ýer bölegini kabul edip aldy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara forumlara, hususan-da, dünýäniň iň iri sergisi bolan «EKSPO» Bütindünýä sergilerine gatnaşmagy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda hem Türkmenistanyň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkenzes, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň Baş sekretary Işige Hiroýuki, 100-den gowrak daşary ýurtlaryň Baş Komissarlary, ilçileri, degişli işleri alyp barýan ministrlikleriniň wekilleri, gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şol sanda «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň pawilýonynyň potratçysy «Belli» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistana «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup, Milli pawilýon üçin ýer böleginiň bölünip berilmegi bolsa has-da buýsandyryjydyr.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkenzes, Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň Baş sekretary Işige Hiroýuki, Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriň parlament orunbasary Işii Taku bilen duşuşyklary geçirdi.
Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkenzes bilen geçirilen duşuşykda halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi şu ýylyň noýabr aýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin çagyrdy. Bu sessiýanyň dowamynda «EKSPO — 2030» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek döwleti saýlanar.
Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň Baş sekretary Işige Hiroýuki bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işige Hiroýuki Türkmenistanyň sergä taýýarlyk işlerini ýokary depginde alyp barýandygyny belläp, degişli resminamalaryň öz wagtynda tabşyrylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň netijesinde Türkmenistanyň Milli pawilýony gurmak üçin ýer bölegini alan ilkinji döwlet boljakdygy mälim edildi.

Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň taýýarlyk işleri, guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününi 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirmek boýunça pikir alşyldy. Ýapon tarapy Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, daşary ýurtly gatnaşyjylara Türkmenistanyň sergä taýýarlyk işlerini ýokary depginde alyp barýandygyny resmi taýdan habar bermek we görkezmek üçin, 2024-nji ýylyň 1-nji ýarymynda Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde gurjak Milli pawilýony, onuň konsepsiýasy, pawilýonda görkeziljek ekspozisiýalar, Milli güni barada resmi tanyşdyryş dabarasyny geçirmegi teklip etdi.
16-njy noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýumeşima emeli adasynda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň gurluşyk ýerine aýlanyp gördi. Bu ýerde ýapon tarapyndan alnyp barylýan serginiň gurluşyk işleri bilen tanşyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan «EKSPO — 2025» sergisine gatnaşyjy 160 döwletiň arasynda ilkinji ýurt hökmünde Milli pawilýony üçin ýer bölegini kabul edip aldy we ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dikildi.
Bilşimiz ýaly, döwletimiziň «EKSPO — 2025» sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmekde nusga alarlyk döwletleriň biridigi halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň, şol sanda serginiň geçirilýän ýeri bolan Ýaponiýanyň wekilleri tarapyndan hem ykrar edilýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän uly mümkinçilikleriň miwesidir. Ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, türkmen milli önümlerini halkara forumlarda dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

2023-11-20268