
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
17-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen hem-de öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgelerini özünde jemleýän Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilip, bu ýerde maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde şäheriň keşbi barha gözelleşýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, bu ýerde gurulýan seýilgähiň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli görnüşli heýkelleri we germewleriň görnüşlerini synlady. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň binalarynyň gurluşygyna, bezeg aýratynlyklaryna hem-de onuň ekologik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, durky täzelenýän desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden energiýa almak üçin zerur bolan Gün panelleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ikinji tapgyrda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda edilýän tagallalar, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak ýol belgileriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri we beýleki şekiller, metjidiň gurluşygynyň bezeg aýratynlyklary, awtomenziliň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary, Gökdepe şaýolunyň ugrunda durky täzelenýän köpriniň görnüşleri bar.
Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyk derejede gurulmalydygyny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň häzirki zaman talaplary esasynda abadanlaşdyrylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, köpriniň bezeg işlerinde ulanylýan şekillere birnäçe bellikler aýdyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde alnyp barylýan işleriň, gurluşyklaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmegine ähmiýet berilmelidir. Arkadag şäherinde guruljak täze binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplary göz öňünde tutulmalydyr, bu işlere sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we timarlaýyş işlerinde intellektual eýeçiligiň gazananlarynyň, sanly ulgamyň netijeli ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde şäheriň önümçilik maksatly desgalary talabalaýyk enjamlaşdyrylmalydyr, maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiagy kabul etdi.
A.Andrisiak wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan ýokary ösüş depginini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi.
Milli Liderimiz abraýly halkara maliýe düzüminiň wekilini mähirli mübärekläp, bankyň Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy. Bu bolsa iri maýa goýum düzüminiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny görkezýär. Aziýanyň ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan makullanan 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasyny bellemek gerek. Strategiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Resminama üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; düzümleýin özgertmelere we institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň bu Strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Häzirki wagta çenli bu maliýe düzüminiň gönüden-göni gatnaşmagynda Türkmenistanda energiýa, demir ýol ulagy ulgamlarynda iki taslamanyň üstünlikli amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömegi berýändigini belläp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyz ykdysadyýeti kämilleşdirmek, senagatlaşdyrmak, maýa goýumlary işjeň çekmek, eksport üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça alyp barýan ugruny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygynda çuňňur many bar. Bu ylalaşyk gurluşygynyň birinji tapgyry üstünlikli tamamlanyp, ikinji tapgyryna batly depginler bilen başlanan täze şäheriň gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer.
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistanda, aýratyn-da, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň bu bank üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem A.Andrisiak Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen AÖB-niň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary nusgalyk häsiýete eýedir.
Milli Liderimiz gol çekiljek resminamanyň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi we abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçylaryna, ähli işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nazara alyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň üstünlikli alyp barýan işiniň netijesidir. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edip, abraýly maliýe düzüminiň Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine goşýan goşandynyň aýdyň netijesidir.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalaryň amala aşyrylyp, olaryň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama häzirki zaman tehnologiýalary we sanly çözgütler ornaşdyrylan, “akylly” hem-de “ýaşyl” şäher konsepsiýalaryna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi, şäher gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy, energiýany tygşytlamaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, suwy gaýtadan ulanmaga, bu ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerledilmeginde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn tagallalarynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklip beýan edildi. Munuň özi köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrar.
Milli Liderimiz teklibi oňlady we gol çekilen resminamanyň belent maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.