TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Haly dokar, keşde çeker elleri»

«Haly dokar, keşde çeker elleri»

Şeýle at bilen öňňin Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşige topar bolup gatnaşan zähmet mugallymlary öz el işlerini sergi görnüşinde taýýarladylar. Onda ene-mamalarymyzdan galan gadymy gymmatlyklardan nusga alyp döreden mugallym zenanlaryň on barmagyndan dörän biri-birinden owadan el işleri, türkmen halylary, inçeden sünnäläp edilen keşdeleri, keşde önümleri hem-de alajalaryň görnüşleri bar.

Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, 1-nji orna Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi, 2-nji orna ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi, 3-nji orna bolsa 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

2024-11-06302