Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem saparyň dowamynda Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant goşýar.
Siziň iş saparyňyzyň netijeleri hoşniýetli döwletara gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Siz dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dabaralandyrmaga uly ähmiýet berýärsiňiz. Siz saparyňyzyň çäklerinde «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, Türkmenistanyň parahatçylyga, ynanyşmaga we özara bähbitli gatnaşyklara gönükdirilen möhüm garaýyşlaryny beýan edip, umumadamzat ähmiýetli teklipleri öňe sürdüňiz. Siziň öz taryhy çykyşyňyzda köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy barada beýan eden teklipleriňiz ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikdäki ornuny has-da berkidýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Taryhy gatnaşyklar bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýratyn orny eýeleýär. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyna we häsiýetine oňyn täsir etmek bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyny has-da pugtalandyrýar hem-de uzak möhletleýin başlangyçlara laýyk gelýär.
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde türkmen-tatar gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi. Häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda öňe ilerlemeler aýdyň duýulýar. Hususan-da, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Size «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykýar, bu gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn. Siziň belleýşiňiz ýaly, goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň Kazana amala aşyran iş saparyňyzyň üstünlikli geçmegi, şeýle-de Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu ýokary sylag Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemezliginiň nyşany bolsun! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.